Sepleriň elýeterliligi

Prezident gitdi, antennalar dikeldilýär


Prezidentiň gelmezinden öň aýrylan satelit antennasy

Prezidentiň gelmezinden öň aýrylan satelit antennasy

Häzir Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan, ýagny il arasynda “Kostandowa” diýilýän we Gagarin köçeleriniň ugrundaky käbir jaýlaryň ýaşaýjylary özleriniň satelit antennalaryny oňartmak bilen başagaý.

Şol köçäniň ugrundaky ýaşaýjylaryň antennalarynyň signaly 25-nji noýabrda agşamara kesilipdir. Onuň sebäbine antennasy kesilen ýaşaýjylar diňe ertesi gün göz ýetiripdirler. Bu çäräniň prezidentiň Türkmenabada sapary bilen baglanşykly görlendigi aýdylýar.

Ýerinden üýtgedilen antenna

Ýerinden üýtgedilen antenna

Şeýle jaýlaryň birinde ýaşaýan 30 ýaşlaryndaky türkmenabatly Merdanyň aýtmagyna görä, 25-nji noýabrda üç adam onuň we goňşularynyň tamlarynyň üstündäki antennalary, eýeleri bilen maslahat etmän, göze görnüp duran ýerlerden aýrypdyrlar.

25-nji noýabrdaky şol wakadan soň prezidentiň geçen köçeleriniň ugrundaky jaýlaryň üstünde keserip ýatan antennalara edil şu gün hem duş gelmek mümkin. Munuň sebäbi barada resmi taýdan hiç hili düşündiriş ýa maglumat berlenok.

"Ilkinji gezek"

Ýöne mundan ozal hem prezident ýa haýsydyr ýokary derejeli hökümet ýolbaşçysy geçende, ýoluň ugrundaky jaýlaryň ýaşaýjylaryna balkonlaryny arassalamak we köçä çykmazlyk ýaly tabşyryklar berilýärdi.

Ýöne welin prezidentiň saparynyň öň ýany onuň kerweniniň geçjek köçesiniň ugrundaky jaýlaryň satelit antennalaryny duýdansyz ýagdaýda göze görnüp duran ýerlerden aýyrmak ýaly bu çärä Türkmenabatda ilkinji gezek duş gelindi.

Bu çäräniň sebäbi barada resmi taýdan takyk maglumat berilmänsoň, käbir adamlar onuň şäheriň bezegi bilen bagly amala aşyrylan çäredigini aýtsa, käbirleri onuň howpsuzlyk bilen baglanyşykly bolup biljekdigi baradaky pikirleri öňe sürýärler.

Ilatyň "aladasy"

Emma Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky ýaşaýjylardan biri, 60 ýaşlaryndaky Ýusup aganyň aladasy bu çäräniň sebäbi däl-de, eýsem antennasyny gaýtadan oturtmak.

Pensiýa çykan Ýusup aganyň bu zatlardan başy çykmansoň, ol antennasyny oňartmak üçin ussa çagyrmaly. Her manadyny sanap sarp edýän Ýusup aganyň masgala býujeti üçin bu garaşylmadyk çykdajy bolupdyr.

“Antennamy bozan adamlar hiç zat düzetmediler, bozan wagtlaram hiç hili duýduryş bermediler” diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy, pensioner Ýusup aga Azatlyk Radiosyna gürüň berdi.

Türkmenabadyň jaýlarynyň depesindäki antennalar

Türkmenabadyň jaýlarynyň depesindäki antennalar

Satelit antennalar türkmenistanlylaryň köpüsi üçin dünýä açylan, belkem, ýeke-täk penjire bolup hyzmat edýär. Şol sebäpdenem Türkmenabatda islendik köpgatly binanyň ýokarsy bahar aýlarynda kömelege basyrnan meýdana meňzeýär.

Adamlaryň uly höwes bilen tomaşa edýän telewizorlary bolsa Orsýetiň ýa Türkiýäniň telekanallary, olaryň aralarynda "Hotbird" hem "Ýamal" satelitlerinde Azatlyk Radiosyny diňleýanlerem seýrek däl. Bu şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanyň öz telekanallaryna o diýen islegiň ýokdugyny hem aýdyň görkezýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG