Sepleriň elýeterliligi

ÝB-Ukraina: Assosiasiýa ylalaşygy näme?


Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen birleşmeginiň tarapdary, Kiýew, 27-nji noýabr, 2013.

Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen birleşmeginiň tarapdary, Kiýew, 27-nji noýabr, 2013.

Geçen hepde Ukraina Brýusseli aljyraňňy ýagdaýa saldy. Ukrainanada häzirki hökümetiň Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwda paktyna gol çekmek we beýleki syýasy gatnaşyklary ýola goýmak boýunça säginýändigi we, munuň tersine, Orsýet bilen ykdsady gatnaşyklary güýçlendirýändigi aýdyldy.

Muňa jogap edip paýtagt Kiýewde we beýleki şäherlerde protestçiler prezident Wiktor Ýanukowiçi şu hepde Wilnýusda geçiriljek sammitde Ýewropa bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol çekmäge çagyryp, demonstrasiýalar geçirdiler.

Assosiasiýa ylalaşygy ukrainalylara nähili peýda eder?

“Giň gerimli erkin söwda ylalaşygyny” (GGESY-ny) hem öz içine alýan Assosiasiýa ylalaşygyna Ukrainanyň gol çekmegi diýmeklik, ýurduň dürli görnüşdäki girdejili pudaklaryna Ýewropa Bileleşiginden derhal nagt pul serişdesiniň gelip başlajakdygyny aňlatmaýar.

Ýewropa Bileleşigi 2011-2013-nji ýyllar aralygynda Ukraina döwletine 1 milliard ýewro möçberinde pul kömegini grant hökmünde beripdi. Eger Kiýew Halkara Walýuta Fondundan (HWF-dan) 15 milliard amerikan dollaryny karz almaga razyçylyk berse, onda ÝB ýene-de 600 million ýewro möçberinde pul kömegini Ukraina berer. Ýöne bu pullar “ylalaşygyň çäginden daşgary pul kömekleri” diýlip hasap ediler.

Ylalaşyga gol çekilen ýagdaýynda Ýewropa bazarlarynyň gapysy ukrain kompaniýalaryna giňden açylar. Ýewropa bazarlarynyň 500 million sany sarp edijisi bolup onuň jemi içerki önüminiň bahasy 12.9 trillion ýewro barabardyr we agzalýan bazar bütindünýä ykdysadyýetiniň bäşden birini düzýär.

”Giň gerimli erkin söwda ylalaşygyna” gol çekmek bilen, Kiýewiň öňümizdäki ýyllarda näçeräk girdeji gazanjakdygyny öňünden çaklamak kyn hem bolsa, käbir garaşsyz ykdysadyýetçileriň aýtmaklaryna görä, öňümizdäki 10 ýyllykda Ukrainanyň jemi içerki önüminiň bahasy 6 göterim artar. Şeýle-de tarifleriň azalmagy we kompaniýalaryň arasyndaky bäsdeşligiň artmagy bilen, öňümizdäki on ýyllykda öý goşlarynyň sarp edijileriniň sany köpelip, nyrhlar pese gaçar.

Ylalaşyk nämeleri öz içine alýar?

Ylalaşygyň çäginde ÝB-niň 350 sany kanun maddasy ukrain kanunçylygyna goşular. Olaryň käbirleri daşky gurşawy goramak ýa-da köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly bolup, ylalaşyk, hususan-da, söwda gatnaşyklary bilen bagly kanun maddalaryna öz täsirini ýetirer. Ukraina ylalaşyga gol çeken badyna ol ÝB-den import edilýän harytlardan takmynan 500 million ýewro möçberinde peýda görer.

Import harytlary bilen baglanyşkly söwda gatnaşyklary, sähelçe-de bolsa, Ukrainanyň peýdasyna bolar. Munuň sebäbi: ylalaşygyň çäginde Ýewropa Bileleşigi ýedi ýylyň içinde öz bazarlarynyň gapylaryny ukrain harytlaryna açar, ýöne ukrain bazarlaryna Bileleşige girýän döwletleriň harytlary on ýylyň dowamynda gelip başlar.

Ýewropadan awtoulaglaryň ukrain bazaryna gelmegi 15 ýyl wagt alar. Ýewropa Bileleşiginiň import tarifleriniň bahalarynyň hasaba alynmazlyk ýagdaýy söwda gatnaşyklarynyň başlangyç döwrüne degişli bolar. Bu diýmeklik, haryt söwdasynda liberallaşdyrmak prosesi ylalaşyk güýje giren gününden birnäçe ýyl soň amala aşar.

Aýdaly, oba hojalyk we senagat önümçiligi ÝB-Ukraina söwda gatnaşyklarynyň esasy özenidir. GGESY-na görä, ÝB Ukrainadan Ýewropa ýurtlaryna satylýan oba-hojalyk önümleriniň 80 göteriminiň import tariflerini azaldar. Beýleki bir tarapdan, Ukraina ÝB-den Ukraina getirilýän oba-hojalyk harytlarynyň 50 göteriminiň import tarifini azaldar. Senagat önümçiligi barada aýdylanda, ÝB Ukrainadan getirilýän senagat harytlarynyň hemmesinden diýen ýaly import tarifini aýrar, ýöne Kiýew Ýewropadan getirilýän senagat önümleriniň 50 göteriminiň import bahasyny azaldar.

Ukrainada başga nähili üýtgeşiklikler bolar?

Ukraina ýurduň ykdysadyýetine täsir etjek başga-da birnäçe kanun maddalaryny kabul etmek bilen, ýokary depginli ykdysady ösüşlere eýe bolar. Mysal üçin, Ukraina özünde bar bolan bäsdeşlik tertibi boýunça kanun maddalaryny Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygy bilen aýakdaş alyp barmaly bolar. Bu ýurduň içinde kartellere we monopoliýa ýol berilmez diýildigidir.

Ukraina öz “döwlet eýeçiliginiň” tertibi baradaky kanunçylygyny hem ÝB-niň kanunçylygyna laýyk getirmeli we bu kanunçylyk garaşsyz barlagçy toparlarynyň işjeňligini hem öz içine alýar. ÝB bilen Ukrainanyň ikisi hem subsidiýalaryň, ýagny berilýän pul kömekleriniň möçberi, görnüşi we paýlanyşygy barada ýyllyk hasabat bererler. Subsidiýalar bilen bagly kanunçylyk oba-hojalyk we balykçylyk pudagyndan başga ähli ugurlary öz içine alýar.

Ylalaşygyň çäklerinde söwda jedellerini sazlaşdyrýan mehanizm hem işläp düzüler. Agzalýan mehanizm Bütindünýä Söwda Guramasyna meňzeş edara bolup, ýeke tapawut – arbitraž, ýagny araçylyk proseduralarynyň, hususan-da, gyssagly ýangyç jedelleriniň uzaga çekmezligi üçin wagt çäklendirmeleri belleniler.

Ukraina ÝB-niň häzirki we gelejekki “döwlet tarapyndan lomaý satyn alnyşyny ýeňilleşdiriş” kanunlaryndan peýdalanar. Bu ýeňillik “goranyş maksatly harytlary” satyn almaga degişli däldir. Ukraina ÝB-niň lomaý söwda bazarlaryndan doly hukukly peýdalanar. Agzalýan bileleşigiň lomaý söwda bazarynyň bahasy 2 trillion ýewro barabar bolup, bu görkeziji Ýewropanyň jemi içerki önüminiň 16 göterimini düzýär.

Ukrainanyň Assosiassiýa ylalaşygy beýleki günbatar Balkan ýurtlarynyň Assosiassiýa ylalaşygyndan nähili tapawutlanýar?

Bir tarapdan, meselä çemeleşeniňde gürrüňi edilýän ylalaşyk hemmeler üçin deň. Aýdaly, ylalaşyga gol goýan ýurtlar ÝB-niň bazarlaryndan peýdalanmaga hukuk gazanýarlar we şol sanda olar ÝB-niň söwda kanunçylygyny kabul etmeli bolýarlar. Ýöne meňzeşlikler diňe şulardan ybarat.

Günbatar Balkan ýurtlarynyň haçan hem bolsa bir gün ÝB-niň agzasy boljakdygyna Bileleşik kepil geçýär. Bunolar Ýewropanyň ähli degişli kanun maddalaryny göçürmeli bolarlar diýildigidir. Olaryň has köp pul gazanmaga mümkinçilikleri bolar. Aýdylşyna görä, ÝB, Ukraina bilen deňeşdireniňde Serbiýada adam başyna 5-10 esse artyk çykdajy eder.
XS
SM
MD
LG