Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Eşekde şekil, aýalda…


Satira karikaturasy

Satira karikaturasy

Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň degişmeleri we halk henekleri.

Saňa meňzeş

Ogul bäbegi dünýä inen Pyhy Tagan Bäbekhana aýalynyň yzyndan barýar. Aýaly Owadan ýeňňäniň ýagdaýyny soramazdan ozal “Habardar bol, il içinde “Bäbekhanada çagalar çalyşylýar” diýen gürrüň bar” diýýär. Owadan ýňňe:

- Pyhy, oglumyz saňa meňzeş, ikiňiz bir almany iki bölen ýaly. Burny susak ýaly, çekge süňkleri agyn tazynyň çekgesi. Derä ýelmeşip dur. Eňegi çürüden gelen uzyn . Saňa şeýle meňzeş çagany hiç kim çalyshmaz” diýip, ony “köşeşdiripdir”.

Tost

Pyhy Tagan dostunyň öýüne myhmançylyga barýar. Saçak başynda “Goç –goç ogullaryňyz, golaň saçly gyzlaryňyz bolsun!” diýip tost aýdýar. Tosty diňläp oturan öý bikesi:

- Pyhy däde, öňem onki çagam bar, arzuw eden ogul-gyzyňy özüň dogurmajak bolsaň, tostuňy yzyna al! – diýip gülüpdir.

Eşekde şekil, aýalda…

Şahyr Halyl Kulyýew ikimiz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň öýüne myhmançylyga bardyk. Orta çaçak ýazyldy. Berdinazar aganyň aýaly ýazyjy Ogultäç Orazberdiýewa saçaga palaw getirdi.

Ogultäç oturan otagymyzdan çykan dessine Berdinazar aga “Ata-babalaryň “Eşekde sekil, aýalda akyl bolmaz” diýen sözi ýadyma düşdi. Arak içilýän saçaga çekdirme, ýene gaýry ýaly suwuk nahar getirilýär ahyryn” diýip hüňürdedi. Äriniň hüňürdisi Ogultäjiň gulagyna ilipdir. Ol yzyna dolanyp, oturan otagymyza girdi.

Öýe myhman-mediwan gelse, oňat görýän, ýöne saçak başynda serhoşlyk edilmegini halamaýan Ogultäç gazaba münüp:

- Palaw agyr tagam bolsa, arak içeniňizden soňra ata-babalaryňyzyň sözüni iýiberiň - diýip, palawly tabaga elini uzatdy. Adatça, Ogultäçden howy basylýan Halyl ekezlenip, batyrlyk tapdy:

- Ogultäç, “Öte eşiden öý ýykar, çala eşiden çatma” diýlänini edýäň. Berdinazar “Ata-babalar-da ýalňyş söz aýtjak eken. Ogultäç şurruk çorba getirmän, jüýjeli palaw getirdi” diýip, seni öwjek boldy – diýdi. Ogultäç:

- Halyl, sözüňe ynanamok. Ýöne jaý ýerinde aýdan sözüňe jogabam tapamok. Häzirlikçe palawa güýmeniň. Men çekdirme asaýyn – diýip, gülüp otagdan çykdy.

Ösen tehnika

Ýazyjylar birleşigi Mämmet Seýidowy Krasnowodskä, Berdinazar Hudaýnazarowy bolsa Çärjewe döredijilik iş saparyna (komandirowka) ýollaýar. Ol ikisi bir günde ýola düşmeli eken.

Çärjewe, Krasnowodskä gidýän ýolagçy otlylarynyň 1 sagat aratapawut bilen ugraýandygy üçin demirýol wokzalyna bile barýarlar. Ilki wokzalynyň restoranyna girip, arak-şerap içýärler.

Aşgabat-Krasnowodsk otlysyna münmek yglan edilýär. Olar Mämmet Seýidiň gitmeli wagonyna münüp, meýlisi dowam edýärler. Otlynyň ugraýandygy hakyndaky bildiriş olaryň gulagyna ilmeýär.

Gijäniň birwagty meýlisi tamamlap, Mämmet Seýit küpäniň 1-nji gatyna (polka), Berdinazar Hudaýnazarow 2-nji gatyna geçip ýatýar. Ertesi irden wagona serenjam beriji (prowodnik) “Krasnowodskä golaýladyk, düşmäge taýynlyk görüň” diýip, bildiriş yglan edýär. Berdinazar Hudaýnazarow:

- Mämmet, tehnika ösýär-ow! Küpäniň birinji gatyndaky Krasnowodskä, ikinji gatyndaky Çärjewe barýar - diýip, düşen ýagdaýlaryny degişmä salyp, ýuwmarlapdyr.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG