Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Moldowa we Gürjüstan bileleşige tarap


Gündogar Partnýorlygy sammitine gatnaşýan döwletleriň bilelikdäki suraty, Wilnýus, 29-njy noýabr, 2013.

Gündogar Partnýorlygy sammitine gatnaşýan döwletleriň bilelikdäki suraty, Wilnýus, 29-njy noýabr, 2013.

Moldowa we Gürjüstan bir-birinden aýrylykda Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekdiler. Gol çekişlik penşenbe güni Wilnýusda ÝB-niň Gündogar Partnýorlygy sammitiniň öňüsyrasynda boldy.

ÝB bilen birleşmek ugrunda gol çekilen ylalaşyk ýurtlara ýakyn ykdysady gatnaşyklary teklip edýär. Muňa derek ýurtlar özleriniň kanunlaryny, sud sistemasyny we ykdysadyýetini Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyk getirmeli.

ÝB-Ukraina

Bu gol çekişlik bilen bir wagtda Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Kiýewiň bu ylalaşyga goşulmakdan ýüz öwürmegine gynanç bildirdiler. Şol bir wagtda-da käbirleri Ukrainanyň kararyny üýtgetmegine umyt bildirdiler.

Hususan-da, şeýle pikiri häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine baştutanlyk edýän Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus žurnalistlere mälim etdi.

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç penşenbe güni eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina 829 million dollar möçberde kömek teklip edendigini, emma Ukrainanyň ykdysadyýetiniň ÝB-niň standartlaryna laýyk getirilmegi üçin 20 milliard dollar gerekdigini aýtdy.

Gündogar Partnýorlygy

Ukrainanyň ÝB bilen şu hepdede Wilnýusda geçirilýän sammitde ylalaşyk baglaşmazlyk karary Gündogar Partnýorlygy programmasynyň postsowet döwleti bolan alty agzasynyň biri bilen ilkinji ylalaşygy baglaşmak niýetini puja çykardy.

Şol bir wagtda-da Kiýew ÝB bilen ylalaşyk baglaşmak meselesini açyklygyna galdyrdy. Kiýew başda Orsýet bilen söwda ugrundaky gapma-garşylyklary çözmelidigini aýtdy, emma ÝB bilen ylalaşyk baglaşmagyň wagt möhletini kesgitlemedi.

Gündogar Partnýorlygy sammiti resmi taýdan penşenbe güni öýlän başlandy. Oňa ÝB-niň liderleri we bu programma gatnaşýan alty sany postsowet döwletiniň, ýagny Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gürjüstanyň, Moldowanyň we Ukrainanyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Wilnýusdaky bu duşuşyk ÝB-niň 2009-njy ýylda öz işine başlan partnýorlyk programmasynyň üçünji sammitidir. Ol öz işini anna güni tamamlar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylaryň partnýorlygyň ähmiýetini tassyklaýjy deklarasiýa gol çekmeklerine garaşylýar.

Şeýle-de, sammitiň gidişinde Azerbaýjanyň Brýussel bilen wiza režimini aňsatlaşdyrmak barada ylalaşyk baglaşmagyna hem garaşylýar. Bu ylalaşyk geljekde Azerbaýjanyň raýatlarynyň Ýewropa ýurtlaryna wiza almak prosesini aňsatlaşdyrar.

XS
SM
MD
LG