Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kanada içalyçylyga rugsat berdi


Kanadanyň ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugyna 20-ler toparynyň 2010-njy ýylda Torontada geçirilen sammitine gözegçilik etmäge ygtyýar berendigi aýdylýar.

Kanadanyň gepleşikler korparasiýasynyň beren habarynda ABŞ-nyň ozalky işgäri Edward Snowdeniň beren maglumatlaryna salgylanylýar.

Dünýäniň senagat taýdan ösen 20 ýurdunyň Torontada geçen sammitine prezident Barak Obama we beýleki dünýä liderleri gatnaşyp, global ykdysady ösüşi ýokarlandyrmagyň we ýene bir maliýe krizisiniň bolmagynyň öňüni almagyň ýollary barada maslahat edipdiler.

Bu habarda gözegçiligiň kanadaly kärdeşleriň ýakyndan kömek bermegi netijesinde guralandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG