Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran: ýer titremesi 7 adamy öldürdi


Eýranyň mediasy Eýranyň Aýlak kenarynda, Buşehr ýadro zawodynyň golaýynda 5.7 ball güýjündäki ýer yranmasynyň bolandygyny habar berýär.

Penşenbe güni bolan hadysada 7 adam ölüp, 30 adam ýaralanypdyr.

Ýer yranmasynyň episentri Borazjanyň golaýynda, Buşehrden 60 km çemesi uzaklykda diýilýär.

Buşehrde Eýranyň Orsýet tarapyndan gurlan ýeke-täk ýadro reaktory bar.
XS
SM
MD
LG