Sepleriň elýeterliligi

NATO çaga ölümini derňejegini aýdýar


Owganystanda NATO ýolbaşçylygyndaky goşun çaga ölümi barada aýdylýany derňejekdigini aýtdy.

Ýerli resmiler howa zarbasy netijesinde bir çaganyň ölüp, iki aýalyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri (HHKG) penşenbe güni Helmand welaýatynda howa zarbasy netijesinde graždan adamlaryň pida bolmagyna çuňňur gynanýandygyny aýdyp beýanat ýaýratdy.

Biraz öň prezident Hamid Karzaý bu adam öldürmeleri Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky asuda ilatyň ömrüne hormat goýmaýandygyny görkezýär diýipdi.
XS
SM
MD
LG