Sepleriň elýeterliligi

Taýland: protestçiler harby edarany nyşana alýar


Hökümete garşy protestçileriň azyndan müň sanysy taýland goşunynyň baş edarasyna zabt etdi.

Mähelle anna güni Bankokdaky howlynyň derwezesini döwüp, içine kürsäp urdy. Harbylar protestçileriň howlynyň içine girendigini, emma ofis jaýlarynyň içine girip bilmändigini aýtdylar.

Premýer-ministr Ýiňlak Şinawatra penşenbe güni parlamentde ynam bildirmezlik baradaky ses berişlikden aman gutuldy.

Demonstrasiýaçylar ýekşenbe gününden bäri hökümetiň işden çekilmegine çagyrýarlar. Olar ministrlikleriň we hökümet edaralarynyň ýapylmagyny talap edip, ýöriş geçirýärler.

Demonstrasiýaçylar premýer-ministr Ýiňlak Şinawatranyň hökümetiniň onuň dogany, ozal hökümetden gyraklydylan lider Taksin Şinawatranyň kontrollugynda işleýändigini aýdýarlar.

2010-njy ýylda Taksiniň goldawçylarynyň müňlerçesi iki aý Bankogyň esasy ýerlerini eýeläp, protest geçirdiler. Şonda oturma protestinde 90-dan gowrak adam öldi. Netijede Ýiňlak premýer-ministrlige saýlandy.
XS
SM
MD
LG