Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Gürjüstan, Moldowa başlangyç ylalaşyk baglaşdy



Ýewropa Bileleşigi Wilnýusda bolan dabarada Gürjüstan we Moldowa bilen assosiasiýa şertnamasyny baglaşmagyň başlangyç esaslaryny goýdy. ÝB resmileri anna güni bu iki ýurt bilen aýry-aýrylykda assosiasiýa şertnamasyny baglaşmagyň başlangyç dokumentlerini taýýar etdiler. Bu çäre iki post-sowet ýurdunyň geljekde ÝB bilen resmi assosiasiýa şertnamasyna gol çekmeginiň esaslaryny goýýar. Emma ÝB resmileri Wilnýusda geçen Gündogar hyzmatdaşlygy sammitinde Ukraina bilen assosiasiýa şertnamasyna we Çuň hem köptaraply azat söwda şertnamasyna gol çekişip bilmediler. Ýogsa bu barada ýyllap gepleşik alnyp barlypdy. ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton, her neneňsi hem bolsa, ÝB-niň gapysynyň Ukraina üçin açykdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG