Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Hyzmatdaşlygy sammitiniň jemleri


Gündogar Hyzmatdaşlyk programmasynyň sammitiniň çäginde geçirlen tegelek stol, Wilnýus, 29-njy noýabr, 2013.

Gündogar Hyzmatdaşlyk programmasynyň sammitiniň çäginde geçirlen tegelek stol, Wilnýus, 29-njy noýabr, 2013.

Ýewropa Bileleşigi Gürjüstan we Moldowa bilen bileleşmek we erkin söwda boýunça ilkinji ylalaşyga gol çekmek dabarasyny geçirdi.

Anna güni Wilnýusda ÝB-niň Gürjüstanyň we Moldowanyň baştutanlary bilen gol çeken dokumentleri bu iki postsowet döwletine geljekde ÝB bilen bileleşmek barada ylalaşyk baglaşmaga resmi esas döredýär.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jose Manuel Barroso bu prosesi makullap, ony ÝB-niň bu iki döwlet bilen gatnaşyklarynyň täze tapgyrynyň başlangyjy diýip atlandyrdy.

Barosso ÝB-niň Gürjüstandyr Moldowa bilen gutarnykly ylalaşygy mümkin boldugyça tiz baglaşmagyna umyt bildirdi.

Ylalaşyga gol çeken döwletlere ÝB bilen ýakyn ykdysady hyzmatdaşlyga mümkinçilik berilýär, bu ýurtlardan bolsa öz milli kanunlaryny, sud sistemasyny we ykdysadyýetini ÝB-niň kadalaryna laýyk getirmek talap edilýär.

ÝB-Azerbaýjan

Şeýle-de Wilnýusda ÝB Azerbaýjan bilen wiza gatnaşyklaryny aňsatlaşdyrmak barada ylalaşyga gol çekdi. Bu dokumentde Azerbaýjanyň raýatlaryna ÝB-e agza ýurtlara syýahat etmek düzgünleriniň aňsatlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Emma Wilnýusdaky sammitde ÝB-niň resmilerine Ukrainany Ýewropa bilen Bileleşmek we düýpli hem hemmetaraplaýyn erkin söwda baradaky ylalaşyga gol çekmäge yrmak başartmady. Ýogsa, bu ylalaşyga gol çekilmegine ençeme ýyllap taýýarlyk görlüpdi.

ÝB-niň daşary syýasat boýunda ýolbaşçysy Katrin Aştonyň aýtmagyna görä, muňa garamazdan, ÝB Ukraina bilen “berk gatnaşyk” saklamak isleginde galýar.

“Ýewropa Bileleşiginiň gapylarynyň açyklygyna galýandygyny aýdasym gelýär. Sebäbi biz munuň olar üçin hem-de biz üçin ähmiýetlidigine we möhümdigine ynanýarys. Men biziň mümkin boldugyndan tiz öňe tarap ädim ätjegimize ynanýaryn”.

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen penşenbe güni agşam duşuşdy. Anna güni sammiti geçirýän Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite Ukrainanyň öz pozisiýasyny üýtgetmändigini we soňky pursatda üýtgetjege meňzemeýändigini aýtdy.

Grybauskaite Ukrainanyň eýelän pozisiýasyny tankyt etdi: “Ýewropanyň däl-de, ukrain halkynyň umydy puja çykdy diýip pikir edýärin. Şu günki gün Ukrainanyň liderleri hiç bir ýere eltmejek ýoly saýlap aldylar diýip pikir edýärin”.

Kiýewiň pozisiýasy

Ýanukowiç sammitden birnäçe gün ozal eden çykyşynda ÝB-niň teklip eden ýardamynyň talaba laýyk däldigini we Kiýewiň öz goňşusy bolan Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyklaryň ugrunda hereket etmelidigini aýtdy.

Moskwa Kiýewe syýasy we ykdysady basyş edip, Ukrainany ÝB bilen resmi bileleşmekden saklanmaga ündeýär we öz ýolbaşçylygyndaky söwda guramasyna goşulmaga çagyrýar.

Habar berlişine görä, Ýanukowiç Ukrainanyň ykdysadyýetine ýardam bermek üçin Orsýet we ÝB bilen üç taraplaýyn gepleşik geçirmegi teklip edýär.

Emma ÝB Kiýewi başda Brýussel bilen söwda ylalaşygyny baglaşmaga çagyrýar.

Wilnýusdaky sammit ÝB-niň 28 agza döwletiniň ählisiniň diýen ýaly prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

ÝB postsowet regionynyň alty döwleti, ýagny Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gürjüstan, Moldowa we Ukraina bilen Gündogar Hyzmatdaşlyk programmasyna 2009-njy ýylda başlady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG