Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Protestçiler güýç bilen dargadyldy


Ýörite güýçler Kiýewde Ýewromeýdana hüjüm edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00

Ýörite güýçler Kiýewde Ýewromeýdana hüjüm edýär

Ukrain polisiýasy paýtagt Kiýewiň merkezinde toplanan ullakan protest ýygnanyşygyny dargatmak üçin güýç ulandy.

Şaýatlar polisiýanyň şenbe güni irden Garaşsyzlyk skwerine toplanan ýüzlerçe protestçiniň üstüne sürnüp, rezin taýaklaryny galgadyp, göz ýaşardyjy gaz ulanandygyny aýdýarlar.

Oppozisiýadaky kanunçykaryjy Andriý Şewçenko Twitterde "Onlarça adam ýaralandy, onlarça adam tussag edildi, Ukraina ozal beýle zady görmändi" diýip ýazdy.

Polisiýanyň şenbe güni ýaýradan beýanatynda "polisiýa tabyn bolmandygy we bidüzgünçilikli hereketi üçin" 35 adamyň tussag edilendigi aýdyldy. Şeýle-de bu beýanatda tutulanlaryň köpüsiniň äýýäm boşadylandygy habar berildi.

Şaýatlar polisiýanyň protestçileri gaýgyrman urandygyny aýtdylar. Wakanyň bolan ýerinden düşürilen wideoýazgylar demonstrantlaryň käbiriniň kellesiniň, käbiriniň eliniň ganaýandygyny görkezýär.

Polisiýa meýdançany demonstrantlardan arassalady we onuň daşyny baglap goýdy.


Polisiýa Ýewromeýdandaky aktiwistlere hüjüm edýär, Kiýew, 30-njy noýabr, 2013.
Polisiýa Ýewromeýdandaky aktiwistlere hüjüm edýär, Kiýew, 30-njy noýabr, 2013.
Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky ilçisi munuň parahat demonstrantlaryň garşysyna zorlugyň ulanylmagy bolandygyny aýdyp, bu hereketi ýazgardy.

"Näme bolandygyna düşünmek üçin şindem işleýärin, emma parahat demonstrasiýanyň garşysyna güýç ulanylmagyny açyk ýazgarýaryn. Entek aýdara zadym kän bolar" diýip, Geoffrey Pyatt Twitterde aýtdy.

Bu demonstrasiýaçylar anna güni prezident Wiktor Ýanukowiçiň işden çekilmegini talap eden 10 müň çemesi protestçiden galan adamlardy. Olar prezidentiň Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa şertnamasyna gol çekmekden boýun gaçyrandygy üçin protest bildirýärdiler.

Anna güni Kiýewde Ýanukowiçi goldaýanlaryň hem ýygnanyşygy boldy. Aýdylmagyna görä, olaryň köpüsi ýurduň gündogaryndan, Ýanukowiçe arka durýan rus dilli etraplardan awtobusly getirilipdir.

Polisiýa Garaşsyzlyk meýdanynyň ýanyndaky protestçileri dargatmak üçin güýç ulanandan soň, 1,000 çemesi protestçi Kiýewde bir ybadathananyň ýanynda toplandy.

Merhemetli Mihail ybadathanasynyň ýanynda toplanan protestçiler şenbe güni "utanç" , "işden çekil" diýip gygyrýardylar.

Şenbe güni irden polisiýanyň ýörite güýçleri Garaşsyzlyk skwerine toplanan protestçilere garşy güýç ulandy, käbir protestçileri dürre bilen urdy.

Student Iwan ir säherde polisiýanyň geçiren reýdini suratlandyryp, şeýle diýdi:

"O ýerde biz tarapdan hiç bir prowakasiýa bolmady. Polisiýa gelip, adamlara topulmaga, olary urmaga başlady. Olaryň biri, komandirleri bolsa gerek, «Siz näme edýärsiňiz? Beýle ýowuz bolmaň» diýip gygyrýardy. Emma olar örän ýowuzdylar, aýallary ýerden süýreýärdiler."

Ýaralanan Ýewromeýdan, Kiýew, 30-njy noýabr, 2013.
Ýaralanan Ýewromeýdan, Kiýew, 30-njy noýabr, 2013.

Aktiwistler onlarça demonstrantyň ýaralanandygyny aýtdylar. Protestçi Ýuliýa şeýle diýdi:

"Sebäbi daňdan sagat dörtde, faşistler ýaly bolup, olar şol terzde Kiýewe hüjüm etdiler. Biziň polisiýamyz protestçilere hüjüm edip, öňýeteni: studentleri, aýallary, çagalary urdy. Olar kellelerinden ýaralandylar. Bu elhençdi, muny hemmeler gördi, senem muny bilýäň. Beýle ýagdaýda ýaşamak mümkin däl."
XS
SM
MD
LG