Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 51 adam öldürildi


Anna güni Yrakda azyndan 51 adam öldürildi.

Häkimiýetler Bagdadyň demirgazygyndaky Tarmiýa şäheriniň golaýynda taşlanan 18 jesedi tapdylar.

Olaryň arasynda iki sany tire baştutany, dört polisiýa işgäri we bir goşun maýory hem bar. Olaryň hemmesi kellesinden we döşünden tüpeňlenip öldürilipdir.

Bagdadyň gündogaryndan bolsa 3 aýalyň jesedi tapyldy. Olaryň jesedinde gynag yzlary bar.

Salahaddin welaýatynda bolsa damagy çalnan ýedi erkegiň jesedi tapyldy.

Resmileri Bagdadyň töwergerinde, Mosulda, Bakubada we Kerkukda hem 23 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG