Sepleriň elýeterliligi

Eýran ýadro programmasyny ýanwarda doňdurar


Eýranyň BMG-niň atom gözegçiligi gullugyndaky wekili Tähran öz ýadro programmasyny alty aýlyk doňdurmaklyga ýanwar aýynyň başynda girişer diýdi.

Reza Najafi, Eýranyň Wenada ýerleşýän Halkar atom energiýasy gullugyndaky wekili Eýran bilen bu gullugyň dünýä döwletleri bilen baglaşylan ylalaşygyň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça «deslapky maslahatlary» edendigini aýtdy.

Ýekşenbe güni Eýran bilen 5+1 döwletler toparynyň, Birleşen Ştatlaryň, Hytaýyň, Orsýetiň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň baglaşan ylalaşygyna görä, Eýran öz ýadro progrramasynyň käbir böleklerini wagtlaýyn togtadýar, muňa derek oňa garşy girizilen sanksiýalaryň käbiriniň ýatyryljagy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG