Sepleriň elýeterliligi

Fransuz prezidenti Gürjüstana geler


Gürjüstanyň prezidentiniň diwany fransuz prezidenti Fransua Ollandyň gelýän birnäçe aý içinde Gürjüstana sapara geljegini aýdýar.

Prezidentiň metbugat gullugy Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwiliniň Wilnýusda, Gündogar hyzmatdaşlygy sammitiniň çäginde bolan duşuşykda Ollandy Gürjüstana sapara çagyrandygyny, onuň hem çakylygy kabul edendigini habar berdi.

Ollanda Wilnýusda žurnalistleriň öňünde çykyş edende bu habary tassyk etdi.
XS
SM
MD
LG