Sepleriň elýeterliligi

Nawaz Şarif Kabula geldi


Pakistanyň premýer-ministri, «Talyban» bilen parahatçylyk prosesine başlamak we iki ýurduň ýangyç gahatçylyklaryny azaltjak energiýa proektleri barada maslahatlaşmak üçin, bir günlük sapar bilen Kabula geldi.

Bu Nawaz Şarifiň premýer-ministr saýlanaly bäri Owganystana edýän ilkinji saparydyr.

Prezident Hamid Karzaý Pakistanyň «Talyban» bilen ylalaşyga gelmekde kömek bermegini we golaýda Pakistanyň tussagdan boşadan «talyban» lideri bilen gepleşmäge ýardam etmegini soraýar.

"Talyban" liderleriniň köpüsi Pakistanda ýaşaýandyr öýdülýär. Onsoň Kabul Yslamabadyň olar bilen gepleşmäge kömek etmegini isleýär. Karzaý bu mesele bilen geçen awgustda Pakistana sapar etdi.
XS
SM
MD
LG