Sepleriň elýeterliligi

Glazgow: meýhanynyň üstüne dikuçar gaçdy


Şotland häkimiýetleri Glazgowda bir meýhananyň depesinden polisiýanyň wertolýotynyň ýykylandgyny aýdýarlar.

Häkimiýetler şenbe güni irden şäheriň merkezindäki Klata meýhanasyna halas edijiler toparynyň barandygyny we gözlegiň dowam edýändigini aýtdylar.

Resmiler bir topar adamyň halas edilendigini we 32 adamyň hassahanalara alnyp gidelendigini aýtdylar.

Britan parlamentiniň agzasy Jim Mörfi bu waka bolanda şol ýerde eken:

"Men gelenimden birnäçe sukund soň dikuçar meýhananyň üstüne ýykyldy. Adamlar meýhanadan bosup çykýardylar, hemme ýerden tozan gelýän ýalydy, üçekdenem, gapydanam, ýerdenem tozan göterilýäridi. Emma adamlar dowla düşmedi, ümsümlikdi, biri-birine kömek etmäge çalyşýan adamlaryň käbiri gygyrdy. Emma howsala bolmandy" diýip, Mörfi aýtdy.
XS
SM
MD
LG