Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa, Gürjüstan ÝB-ä golaýlaýar, ýöne...


Moldowanyň premýer-ministri Iurie Leanka (Ç)
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bilen
Moldowanyň premýer-ministri Iurie Leanka (Ç) ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bilen
Moldowa bilen Gürjüstan ÝB-niň Litwada geçirilen sammitinde 28 döwlet bilen assosiasiýa ylalaşygynyň esaslaryny goýmak bilen, Ýewropa Bileleşigine tarap örän uly simwoliki ädim ätdi. Gazanylan bu üstünligi iki döwlet hem “taryhy ýeňiş” diýip häsiýetlendirýär, emma olar indi özlerinden Orsýetiň ar almagyndan hem howatyr edýärler.

Kreml Ukrainanyň pakta gol çekmezligi üçin agressiw iş alyp bardy we munuň netijesi Orsýet üçin şowly boldy. Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Wilnýusdaky gol çekişlikden birnäçe gün oň şertnamadan boýun gaçyrdy.

Anna güni geçirilen parafirlemek çäresinden bir-iki sagat soň, Moldowanyň premýer-ministry Ýuriý Lins Moskwadan Kişinýow bilen özara gatnaşyklaryny kesmezligini haýyş etdi:

“Biz Moskwadaky kärdeşlerimiz bilenem, meniň golaýda Orsýetiň premýer-ministry Dmitriý Medwedew bilen gepleşişim ýaly, gowy dialogyň dowam etmegine bil baglaýarys. Biz ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözgüt tapmaga çalyşmak barada gepleşipdik”.

Orsýet howpy

Moldowanyň parlament sözçüsi we ýurduň ozalky ýerine ýetiriji prezidenti Marian Lupu Moskwanyň ar alyş çärelerine başlamak üçin fewralda Soçide geçiriljek gyşky olimpiadanyň gutarmagyna hem garaşyp bilmejegini çaklaýar.

ÝB girýän ýurtlaryň liderleri Wilniýusda, Ukraina basyş edeni üçin, Orsýeti berk ýazgardylar.

ÝB-niň prezidenti Herman Wan Rompeý özüne mahsus bolmadyk zoňtar äheňde, “Bileleşigiň daşky basyşlara, ozaly bilenem Orsýetiň basyşlaryna boýun bolmajakdygyny” nygtady.

ÝB-niň komissiýasynyň prezidenti Hoze Manuel Barrozo hem “Ýewropada basyş we gysyş häkimiýetleriniň döwri gutardy” diýdi.

Gürjüstanyň “Ýewropa we ýewro-atlantik integrasiýasyna” jogapkär ministri Aleksi Petriaşwili öz çykyşynda, sammitde batyrgaý çykyş eden ýewropa liderlerini goldap, olaryň sözleriniň ýewropalylaryň ylalaşyga gol çeken döwletleri üstlerine abanýan Orsýet howpundan goramak üçin ellerinde baryny gaýgyrmajakdyklaryna güwä geçýändigini aýtdy:

“Ýewropa Bileleşiginiň agzalýan basyşlara jogap bermäge taýýardygy sammitde anyk belli boldy. Ýygnakda hiç bir döwletiň beýleki bir garaşsyz hem-de özbaşdak ýurduň kararlaryna täsir etmäge hukugynyň ýokdugy anyk we düşnükli dil bilen aýdyldy. Eger-de şeýle ýagdaýlar gaýtalansa, onda Ýewropa Bileleşigi, aýratyn bir gurama hökmünde, şeýlede oňa agza bolan ýurtlaryň her haýsysy aýratynlykda basyşlara jogap berjekdiklerini, degerli reaksiýa görkezjekdiklerini hem-de anyk we kesgitli çäreleri görmäge özleriniň taýýardyklaryny mälim etdiler.”

Orsýetiň Gürjüstana we Moldowa garşy görjek çäreleriniň agzalýan ýurtlaryň ozaldanam gowuşgunsyz ykdysadyýetine ýaramaz täsir etjegi çaklanýar.

Iki döwlet üçin hem Orsýet “import we eksport” bazary bolmagynda galýar.

Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili Gündogar hyzmatdaşlygy sammitinde medianyň soraglaryna jogap berýär. 29-njy noýabr, 2013.
Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili Gündogar hyzmatdaşlygy sammitinde medianyň soraglaryna jogap berýär. 29-njy noýabr, 2013.
Gürjüstan özüniň satyn alýan tebigy gazyny esasan Azerbaýjandan import edýär. Moldowa bolsa tebigy gaz boýunça tutuşlygyna diýen ýaly Orsýete garaşly. Orsýet syýasy taýdan oňaýsyz pursatlarda öz goňşularyna basyş etmekde tanalan ýurt.

Moldawiýaly syýasy analist Arkady Barbarossi bu barada şeýle diýýär:

“Ozaly bilen tebigy gaz meselesi. Moldowa özüniň 95-97 göterim gazyny Orsýetden alýar. Ikinji mesele – ors bazarlary. Kremliň 2006-njy ýylda Moldowanyň çakyr we oba hojalyk önümlerine girizen gadaganlygy, şeýlede şu ýylky gadaganlyklary Orsýetiň bu pişesinden el çekmejekdigini görkezýär. Bu bolsa Moldowanyň ykdysadyýetine uly zarba bolar.”

Barbarossiniň aýtmagyna görä, Orsýetiň moldowaly migrant işçileriň hereket azatlyklaryny hem çäklendirmegi mümkin. Eger şeýle bolsa, bu ýagdaý Moldowanyň jemi içerki önüminde üçünji orny tutýan girdejä, daşardan gelýän gazançlara hem zyýan ýeter.

"Orsýetiň aladalary ýerliksiz"

Ýewropaly liderler Wilniýusda Moskwany Ukraina basyş etmekde tankytlamak bilen bir wagtda, ozalky Sowet Soýuzyna giren döwletleriň Gündogar hyzmatdaşlygyna goşulmagyna Orsýetiň görkezýän reaksiýasynyň ýerliksizidigini aýdyp, ony köşeşdirjek hem boldular.

Wan Rompuý: “şeýle ylalaşyklar Orsýetiň peýdasyndyr, sebäbi Orsýetiň goňşularynyň ykdysadyýeti güýçlense, Orsýetiň hem ykdysadyýeti kuwwatlanar” diýdi.
XS
SM
MD
LG