Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Protestçiler gaýtadan toplanýar


Polisiýa Garaşsyzlyk meýdanynyň ýanyndaky protestçileri dargatmak üçin güýç ulanandan soň, 1,000 çemesi protestçi Kiýewde bir ybadathananyň ýanynda toplandy.

Merhemetli Mihail ybadathanasynyň ýanynda toplanan protestçiler şenbe güni "utanç" , "işden çekil" diýip gygyrýardylar.

Şenbe güni irden polisiýanyň ýörite güýçleri Garaşsyzlyk skwerine toplanan protestçilere garşy güýç ulandy, käbir protestçileri dürre bilen urdy.

Student Iwan ir säherde polisiýanyň geçiren reýdini suratlandyryp, şeýle diýdi:

"O ýerde biz tarapdan hiç bir prowakasiýa bolmady. Polisiýa gelip, adamlara topulmaga, olary urmaga başlady. Olaryň biri, komandirleri bolsa gerek, «Siz näme edýärsiňiz? Beýle ýowuz bolmaň» diýip gygyrýardy. Emma olar örän ýowuzdylar, aýallary ýerden süýreýärdiler."

Aktiwistler onlarça demonstrantyň ýaralanandygyny aýtdylar. Protestçi Ýuliýa şeýle diýdi:

"Sebäbi daňdan sagat dörtde, faşistler ýaly bolup, olar şol terzde Kiýewe hüjüm etdiler. Biziň polisiýamyz protestçilere hüjüm edip, öňýeteni: studentleri, aýallary, çagalary urdy. Olar kellelerinden ýaralandylar. Bu elhençdi, muny hemmeler gördi, senem muny bilýäň. Beýle ýagdaýda ýaşamak mümkin däl."
XS
SM
MD
LG