Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainalylar hökümete protest bildirýär


Ukrain halky protest bildirýär. Kiýew, Wolodymyrska köçesi. 1-nji dekabr, 2013.
Ukrain halky protest bildirýär. Kiýew, Wolodymyrska köçesi. 1-nji dekabr, 2013.
Ukrainada ýekşenbe güni has köp anti-hökümet ýygnanyşyklarynyň bolmagyna garaşylýar.

Prezident Wiktor Ýanukowiç anna güni Litwada bolan sammitde Ýewropa Bileleşigi bilen ugur kesgitleýji ylalaşaga gol çekmekden ýüz öwrenden soň, Ukrainada dargtynlylyk ýokarlanýar.

Şenbe güni irden polisiýa güýçleri Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyna toplanan protestçileri dargatmak üçin dürreleri, gulak gapyjy granatlary ulandy.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar bu zorlugy ýazgardy we Ýanukowiç derňew geçirmegi wada berdi. Emma ol polisiýa görnetin günä bildirmedi.

Oppozisiýa liderleri Ýanukowiçi işden çekilmäge mejbur etmek üçin umumy iş taşlaýyşa çagyrjakdyklaryny aýtdylar. Şenbe güni giçlik Garaşsyzlyk meýdançasyndan uzak bolmadyk bir ybadathananyň ýanynda 10 müň çemesi protestçi toplandy.

Günbatardaky Lwow şäherinde hem müňlerçe adam hökümete garşy proteste çykdy. Harkowda, gündogar Ukraianda bolsa, Ýewropa Bileleşigine garşy ýygnanyşyk geçirildi.

Umumy iş taşlaýyş ähtimallygy

Oppozisiýadaky Batkiwşina fraksiýasynyň lideri Arseniý Ýatsenýuk ýurt boýunça umumy iş taşlaýyşa taýýarlyklaryň görülýändigini we «milli garşy duruş ştablarynyň» guruljakdygyny aýtdy.

"Bu hökümet agdarylmaly we prezident jogapkärçilige çekilmeli. Bu aňsat iş däl, bu örän çarkandak ýol. Emma biz, birleşen oppozisiýa hökmünde, bu ýurtdaky her bir adamyň azatlyklary we hukuklary ugrunda göreşmegi ýüregimize düwdük. Biz öz Günbatardaky partnýorlarymyzdan diňe gürlemek we jarnama ýaýratmak bilen çäklenmezligi soraýarys. Indi sözden işe geçmegiň wagty geldi."

Mihailiwska skweri. Kiýew, 30-njy noýabr, 2013.
Mihailiwska skweri. Kiýew, 30-njy noýabr, 2013.

Ýatsenýuk şenbe güni irden polisiýa Garaşsyzlyk meýdançasyndaky birnäçe ýüz protestçini güýç bilen dargandanda onlarça adam ýaralanandan soň çykyp gürledi.
Içeri işler ministrligi 35 demonstrasiýaçynyň polisiýa garşylyk görkezendigi üçin tutulandygyny, emma soň hemmesiniň boşadylandygyny aýtdy.

Polisiýanyň reýdinden soň birnäçe müň protestçi merhemetli Mihail ybadathanasynyň golaýynda toplanyp, Ukrainanyň milli gimnini aýtdy we «Ukraina şöhrat» diýip gygyrdy.

Ozalky premýer-ministriň ýüzlenmesi

Ozalky premýer-ministr, häzir tussagda oturan Ýuliýa Timoşenko öz goldawçylaryny protestlerini prezident Wiktor Ýanukowiç işden çekilýänçä dowam etdirmäge çagyrdy. Timoşenkonyň bu çagyrşy onuň gyzy Ýewgeniýa tarapyndan okaldy:

"Men ukrainalylaryň ählisine zorluk-süteme we Ýanukowiçiň diktaturasyna garşy aýaga galmak çagyryşy bilen ýüzlenýärin. Men sizi, Assosiasiýa şertnamasyna gol çekilmezligine we biziň çagalarymyza hüjüm edilmegine jogap hökmünde, bütin halk bolup, 1-nji dekabrda, sagat 12.00-da Şewçenko parkyna gelmäge çagyrýaryn. Meýdana ýüz müňleriň däl, millionlaryň çykmagy gerek. Režim parahatçylyk ýollary bilen agdarylýança şäher meýdanlaryny terk etmäň."

Protestçiler Kiýewde ýöriş edýär


Ýanukowiç şenbe güni giçlik ýaýradan beýanatynda oppozisiýa ýygnanaşygy mahalynda bolan hadysalardan «juda lapykeç» bolandygyny aýtdy we günäkärlere temmi berilmegi üçin haýdan-haý dogruçyl derňewe başlamaga çagyrdy. Ol bu zorlukda haýsam bolsa bir tarapy aýratyn günälemedi.

Halkara ýazgaryşlary

Muňa garamazdan, Birleşen Ştatlar polisiýanyň basyp ýatyrmasyny ýazgardy we Ukrainanyň ýolbaşçylaryny adamlaryň öz pikirlerini aýtmak we ýygnanyşmak hukuklaryny hormatlamaga çagyrdy.

Mihailiwska skweri, Kiýew, 30-njy noýabr, 2013.
Mihailiwska skweri, Kiýew, 30-njy noýabr, 2013.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki şeýle diýdi: "Bu sagdyn demokratiýanyň esaslary bolup durýar we Birleşen Ştatlaryň Ukraina bilen hyzmatdaşlygy ählumumy gymmatlyklara hormat goýulmagyna bagly."

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bilen giňeliş komissary Stefan Fuele bilelikde bir beýanat çap edip, ukrain häkimiýetlerini ýygnanyşmagyň we söz azatlygynyň esasy ýörelgelerine garşy hereket eden adamlary jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.

Ukrainadaky dartgynlylyk prezident, Orsýetiň basyşy astynda, Ýewropa Bileleşigi bilen köp garaşylan assosiasiýa şertnamasyna gol çekmekden ýüz öwreli bäri ýokary galýar. Bu ylalaşyga ÝB-niň anna güni tamamlanan Wilnýus sammitinde gol çekilmelidi.

Anna güni 10 müň çemesi protestçi Ýanukowçiň işden çekilmelgini talap etdi.
XS
SM
MD
LG