Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Phenýany weterany boşatmaga çagyrýar


Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýany 85 ýaşyndaky amerikan raýatyny azat etmäge çagyrdy.

Merrill Nýuman 26-njy oktýabrda, on günlük sapardan soň, Phenýanda uçardan düşürildi.

Demirgazyk Koreýanyň resmi mediýasy şenbe güni Koreýa urşunda söweşen Nýumanyň konflikt wagtynda edendigi aýdylýan jenaýatlary üçin ötünç sorandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Keýtlin Heýden, ýaşyny hem saglyk ýagdaýyny, ýürek dermanyny içýänini nazara alyp, Demirgazyk Koreýa ony derhal boşatmaly diýdi.

Demirgazyk Koreýa 2009-njy ýyldan bäri azyndan alty amerikalyny tussagda saklaýar.
XS
SM
MD
LG