Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bankok polisiýasy protestçilere gaz pürkýär


Bankok polisiýasy ýekşenbe güni taýland paýtagtynda premýer-ministriň edarasyna we şäheriň baş polisiýa edarasyna barmaga çalyşýan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Synçylar polisiýanyň geçen hepde premýer-ministr Ýiňlak Şinwatrany agdarmak üçin hökümet edaralaryny eýelän protestçilere garşy ilkinji gezek güýç ulanýandygyny aýdýarlar.

Dartgynlyklar şenbe güni, Bankogyň demirgazyk-gündogarynda hökümeti goldaýan we oňa garşy çykýan toparlar çaknyşyp, nämälim bir adam iki adamy atyp öldürenden soň ýokarlandy.

Çaknyşyk wagtynda azyndan 45 adam ýaralandy. Protestçiler hökümet baştutanyny öz doganynyň, ozalky premýer-ministr Taksin Şinawataranyň bähbitlerine gulluk etmekde aýyplaýarlar.

Taksin Şinawatra 2006-njy ýylda, korrupsiýada we häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanandan soň, harby agdarylyşyk esasynda häkimiýetden aýrylypdy.
XS
SM
MD
LG