Sepleriň elýeterliligi

Yrakda gölegçiler nyşana alyndy


Yragyň demirgazyk şäherinde janyndani geçen bombaçy adam jaýlanýan mahaly azyndan 10 adamy öldürdi.

Yrak resmileri ýekşenbe güni bir bombaçynyň özüni partladyp, Bakuba şäheriniň golaýynda, ölenlerden başga, ýene 20-den gowrak adamy ýaralandygyny aýdýarlar.

Bu hadysa Madher al-Şallal al-Araki jaýlanýan wagty boldy, ol belli tire buştutany we «Al-Kaýda» milisiýasyna garşy bolan adamyň ogludy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG