Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: jeňçiler harby konwoýa çozdy


Pakistanyň Owganystan bilen araçägine golaý tire sebitinde jeňçiler howpsuzlyk konwoýyna hüjüm etdiler.

Pakistanyň aňtaw resmileri şenbe gijesi Bazaý etrabynda bolan hüjümde üç esgeriň öldürilendigini, iki esgeriň bolsa ýaralanandygyny aýtdylar.

Resmiler jeňçileriň barlag nokadyna azyk getirýän konwoýy oka tutandyklaryny aýdýarlar.

Pakistan «Talybanynyň» sözçüsi Sajjad Mohmand bu hüjümi özleriniň edendigini we 4 esgeri öldürip, ýene birnäçesini ýaralandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG