Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ogurlanan kardiolog tapyldy


Pakistanyň Bulujystan welaýatynda alnyp gaçylan kardiolog waraç tapyldy.

Pakistanyň Bulujystandaky Medisina assosiasiýasynyň başlygy Sultan Tarin Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna Manaf Tariniň ýekşenbe güni irden, azat edilen badyna öz maşgalasyna telefon edendigini aýtdy.

Tarin onuň gyrak-çetdäki Otal sebitinde, alnyp gaçylandan on hepdä golaý soň, şu gün azat edilendigini aýtdy.

Manaf Tarin Bulujystanda uly derejeli kardiolog bolup, 17-nji sentýabrda paýtagt Kwettadan alnyp gaçylypdy.

Onuň talap edilen 500 müň dollary tölemek arkaly boşadylandygy ýa howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azat edilendigi anyk däl. Onuň alnyp gaçylmagy doktorlaryň protestlerini döredipdi.
XS
SM
MD
LG