Sepleriň elýeterliligi

BMG: Kömek işgärleri howp astynda


Birleşen milletler guramasy Owganystanda kömek işgärleriniň garşysyna edilýän zorlugyň möwjäp barmagyndan alada bildirdi.

BMG-niň Owganystandaky ynsanperwerçilik kordinatory Mark Bowdeniň şenbe güni ýaýradan beýanatynda bir hepde içinde 9 kömek işgäriniň öldürilmegi bu ýurtdaky töwekgellikleriň ýokarlanýandygyny görkezýär diýilýär.

Bowden bu tendensiýanyň alada döredýändigini, sebäbi Owganystanyň geljek ýyl halkara goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagynyň öňüsyrasynda kyn geçiş döwrüni başdan geçirýändigini aýtdy.

Geçen hepde Farýap welatynda jeňçiler owgan kömek işgärleriniň altysyny jezalandyryp öldürdiler. Ýene üç kömek işgäri bolsa, Uruzgan welaýatynda ýarylan bombanyň pidasy boldy.

BMG şu ýyl Owganystanda kömek işgärleriniň 36-synyň öldürilendigini, 24-siniň saklanandygyny, 46-synyň ýaralanandygyny, 72-siniň bolsa alnyp gaçylandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG