Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


"Vkontakte" sosial ulgamy.
"Vkontakte" sosial ulgamy.
Türkmenistanda internetden peýdalanmak mümkinçilikleriniň belli bir derejede ýeňilleşmegi we android telefonlarynyň durmuşymyza ornaşmagy bilen, türkmen ýaşlarynyň sosial ulgamlardaky işjeňligi hem barha artýar. Muny sosial ulgamlarda ýakynda öz hasabyny açan türkmen ýaşlarynyň sanyndan hem aňsa bolýar.

Olaryň käbirleri geçen hepde Twitter sosial ulgamynda gözüme ildi. Sosial ulgamyň Aýgözel atly agzasy “Internet, internet, Twitter, Twitter diýdiňiz, ynha menem açdyrdym hem internet hem Twitter” diýip, teswir galdyrypdyr.

Twitterde türkmen ýaşlarynyň uly gyzyklanma bilen hereketini yzarlaýanlaryndan biri “Türkmençe Ýaz” toparydyr. Geçen hepde bu toparyň gozgan: "Iň uly duşmanyň, iň soňky seretjek ýeriňde gizlener" diýýär. Öz içimize seredemizok, şol ýerde bolaýmasyn?” diýen temasy köp agzalaryň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr.

Twitterde agzalaryň arasynda uly gyzyklanma döredýän toparlaryň ýene biri “tankytchy” toparydyr. Bu topar öz hasabynda özi barada şeýle düşündiriş berýär: “Tankytçy tankyt eder, tankyt edilen geregini islese alar, islemese: Maňa şu-da ýeterlik diýip, ýoluny dowam eder. Meni bagyşlaň, eger hetdimden aşaýsam.”
Tankytçy toparynyň 25-nji noýabrda “Döwrümiziň aýdymçylarynda hem iş ýok. Özüne aýdymçy diýen aýdymynyň arasynda RAP goýýar. Eeeeehhhhh. Nury Meredowyň ruhy şat bolsun!” diýip ýazan tweeti sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir.

Bu tweete @rustemberdi atly agza “Sen olary geç. Toýda rap aýdylýar soňky döwür. Adamlar bahym rapda tans ediljek tans taparlar” diýip, jogap beripdir. Rüstemiň bu sözlerine tankytçy topary “Dogry, olam bar. Çyraçy düşünjesi agyr basýanlarda bolýar öýdýän” diýip, jogap galdyrsa, @Jakmaral atly agza “Hany, nirede???” diýip, sorag berýär. Rüstem Akmarala “Sorasaň aýdar, ýa-da Youtube girip bilseň, şol ýerden göräý” diýip, jogap beripdir. @toysekili atly agza hem bu meselede Rüstemiň pikirlerini goldaýandygyny beýan edipdir.

“Vkontakte”

Ýadyňyzda bolsa, geçen hepde “Vkontakte” sosial ulgamynyň “Top people of Turkmenistan”, ýagny “Türkmenistanyň iň öňdebaryjy adamlary” atly toparynyň türkmenistanly iň owadan jübüdi saýlamak boýunça sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda bäsleşik geçirendigini habar beripdik.

Bu topar şu hepde hem türkmenistanly iň görmegeý ýigidi saýlamak boýunça bäsleşik geçiripdir. Bu ýerde ses bermek arkaly türkmenistanly dokuz oglanyň arasyndan iň görmegeýi saýlanýar.

Bäsleşige gatnaşan oglanlaryň arasynda Begenç Ataýew, Kemal Galandarow, Röwşen Allanazarow, Baýly Geldinazarow, Batyr Meredow ýaly agzalar bar. Bu bäsleşigiň başlanandygy barada maglumat 22-nji noýabrda çap edilipdir we oňa 26-njy noýabra çenli jemi 31 teswir gelip gowşupdyr.

Şeýle-de ol 29 sapar gaýtadan çap edilip, 238 gezek hem halanypdyr. Bäsleşige jemi 1519 adam gatnaşyp, ses beripdir. Ses berişligiň 27-nji noýabrdaky netijelerine görä, Kemal Galandarow atly agza sesleriň 38,9%-ini alyp, birinji orunda barýar.

Bäsleşik “Vkontakte” sosial ulgamynyň “Top people of Turkmenistan”, ýagny “Türkmenistanyň iň öňdebaryjy adamlary” atly toparynyň sahypasynda heniz hem dowam edýär. Siz hem bu sahypa girip, dalaşgärlere syn edip, ses berişlige gatnaşyp bilersiňiz.

"Ertir.com"

Geçen hepde “Ertir.com” sosial ulgamynda agzalaryň iň köp ünsüni çeken temalaryň biri Erkek2013 atly agzanyň gozgan “Adyny özüňiz goýuň, men-ä at tapmadym bu temama” diýen temasydyr. Bu tema 23-nji noýabr bilen 26-njy noýabr aralygynda jemi 653 sapar okalyp, oňa 56 sany hem teswir gelip gowşupdyr. Ol agzalar tarapyndan 24 gezek hem halanypdyr.

Tema mazmuny şeýle: “Birnäçe adamy (100-den köp) bir ýere üýşürdim we sorag berdim: “Sen bu dünýä näme üçin geldiň?” diýip. Jogap ýok, ýene soradym: “Näme üçin ýaşaýarsyňyz?” Ýene dymyşlyk. Onsoň birden biri turdy-da: “Enem-atam üçin” diýip jogap berdi. Ýene biri “Nesil galdyrmak üçin” diýip, ýerinden turdy. Ýene birisi: “Halk üçin” diýdi, garaz, dürli-dürli jogaplary aldym. Ýene soradym: “Şunça ýyllap näme iş etdiňiz, näme bitirdiňiz?”Bu soragdan soň wapşe (asla) ses çykmady”.

Bu tema sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredip, oňa dürli garaýyşdaky teswirler gelip gowşupdyr. Gadymypaýtagt atly agza “Ol bir ýere üýşürenleriň eliňdäki işgärlerdimi? Ýa tutup getirdiňmi? Öz işgärleriň bolsa näme sebäpden şu soragy berdiň?” diýip sorapdyr. Muňa temany gozgan agza “Öz işgärlerim. “Köp sorag berdim, kim okeany gördi?” diýip soradym, hijisi görmändir” diýip, jogap galdyrypdyr.

Bu tema dürli-dürli teswirler gelip gowşupdyr, käbirleri degişme äheňdäki teswirleri galdyrypdyrlar. Şol teswirlerden soň, Arizona atly agza “Gowja temadyr şul-a diýsem, soňuny bula[şdyry]pdyra... şeýdip ýaşamaly, şu zat üçin işlemeli diýermikaň öýdüpdim” diýip, bu ugurdan öz pikirini aýan edipdir.
XS
SM
MD
LG