Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz protestçileri ýöriş geçirdiler


Gyrgyzystanyň öňki parlament sözçüsi Akmatbek Keldibekowyň müňlerçe tarapdary Oş regional hökümetiniň baş edarasyna ýöriş etdi. Protestçiler Keldibekowyň tussaglykdan boşadylmagyny talap edýärler.

Duşenbe güni geçirlen protestlere azyndan 20 protestçi atly gatnaşdy. Polisiýa protestçileriň hökümet binasyna girmeginiň öňüni almagy başardy.

Asly Oş regionyndan Keldibekow ýurduň Salgyt gullugynda we Döwlet sosial fondunda işlän döwri wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we maliýe galplyklarynda aýyplanyp geçen aý tussag edilipdi.

Keldibekowyň aklawçysy Tatýana Çilnikina Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, duşenbe güni Bişkek şäher sudy Keldibekowy 19-njy ýanwara çenli deslapky tussaghanada saklamak baradaky Bişkek etrap sudunyň kararyny öz güýjünde saklapdyr.

Oppozision “Ata jurt”, ýagny “Ata Watan” partiýasynyň agzasy Keldibekow 2010-njy we 2011-nji ýyllarda parlamentiň sözçüsi wezipesinde işläpdi.
XS
SM
MD
LG