Sepleriň elýeterliligi

G.Karimowa doganyny aýyplaýar


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň gyzy Gülnara Karimowa gyz jigisine şahsy hüjümi başlatmak maksady bilen Twitter sosial ulgamyny gaýtadan ulanyp başlady.

Karimowa hepdäniň soňunda çap eden tweetlerinde gyz jigisi Lola Karimowa-Tyllaýewanyň baýlygynyň “Bilan” atly şwesar biznes žurnalynyň ýakyndaky ýaýradan maglumatyndan has ýokarydygyny öňe sürdi.

Karimowa-Tyllaýewa özüniň we adamysynyň Şwesariýanyň iň baý jübütleriniň hataryndadygy hakyndaky maglumatlary ret etdi.

Gülnara Karimowa “Bilan” žurnalynyň maglumatynda gyz jigisiniň Birleşen Ştatlaryndaky hem-de Dubaýdaky emläkleriniň we baýlygynyň nazara alynmandygyny öňe sürdi.

Mundan öň Karimowa gyz jigisini maşgalanyň içindäki ençeme problemalalary döretmekde aýyplap, ol bu problemalaryň maşgalany gurşap alandygyny sözüniň üstüne goşupdy.

Soňky günleriň dowamynda Karimowanyň Twitter hasaby ençeme gezek öçürilip, gaýtadan açyldy.
XS
SM
MD
LG