Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Waşingtony aýyplaýar


Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý Kabulyň Waşington bilen ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygyna gol goýmagyna basyş etmek üçin, Birleşen Ştatlary harby üpjünçilikleri togtatmakda aýyplady.

Karzaýyň edarasynyň ýekşenbe güni giçlik ýaýradan beýanatynda “Ýangyç üpjünçiliginiň we owgan armiýasyna we polisiýasyna berilýän goldaw kömekleriniň kesilmegi Owganystanyň ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygyna gol goýmagy üçin edilýän basyşlaryň alamatydyr” diýilýär.

Waşington bu aýyplamalary ret edýär.

Geçen hepde Karzaý Waşingtondan “Talyban” bilen geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerinde kömek etmegini we gürrüňi edilýän ylalaşyga gol goýmazyndan ozal ABŞ-nyň harbylary tarapyndan owgan öýlerine gurnalýan reýdleri durdurmagyny sorapdy.

Gürrüňi edilýän bu pakt 2014-nji ýylda halkara goşunynyň Owganystany terk etmeginiň yz ýany ABŞ-nyň ýurtda saklanyp galjak harby missiýasyny kesgitlär.

Waşington ikitaraplaýyn howpsuzlyk paktyna tizden-tiz gol goýulmasa, ABŞ-nyň we NATO-nyň ähli goşunlarynyň ýurtdan çykmagyna taýýarlyk görmekden başga çykalgasynyň ýokdugyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG