Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Adam öldürmeleri artýar


Birleşen Milletler Guramasy geçen aý Yrakda “ölüm jezasy görnüşindäki” öldürmeleriň göz görtele artandygyny habar berýär.

BMG-niň Yrakdaky missiýasynyň täze ýaýradan maglumatyna görä, ýurtda geçen aý öldürlenleriň sany 659-a deň bolupdyr. Bu görkeziji oktýabr aýynda 979 adama barabardy. Muňa garamazdan, gürrüňi edilýän guramanyň berýän maglumatyna görä Yrakda nyşana aynlyp öldürlenleriň sany artypdyr.

BMG-niň maglumatyna görä, geçen aý Bagdatda we onuň töweregindäki territoriýalarda jemi 224 adam öldürilipdir. Bu görkeziji Ninewah welaýatynda 107 adama barabar bolupdyr.

Şu ýylyň dowamynda Yrakda 8 müňden gowrak adam öldürildi. BMG-niň bu maglumaty ýaýradan güni Bagdadyň demirgazyk-gündogaryndaky "Al-Kaýda" hereketine garşy çykýan sünni taýpasynyň lideriniň oglunyň jaýlanyş mirasymynda hem üç sany bomba partladyldy. Ýekşenbe güni bolan şol partlamalarda 17 adam öldi.
XS
SM
MD
LG