Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Hökümetiň binasy gabaldy


Studentler hökümetiň edara jaýynyň girelgesini ÝB-niň baýdagy bilen ýapdylar, Kiýew, 2-nji dekabr, 2013.
Studentler hökümetiň edara jaýynyň girelgesini ÝB-niň baýdagy bilen ýapdylar, Kiýew, 2-nji dekabr, 2013.
Kiýewde ýüzleçe protestçiler hökümetiň edara jaýyna barýan ýollary we binanyň girelgesini doly beklediler.

Protestçiler prezident Wiktor Ýanukowiçiň hökümetiniň dargadylmagyny talap edýärler. Ýanukowiçiň Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagy boýunça ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmegi güýçli protestlere sebäp boldy.

Protesçiler hökümetiň esasy binasyny we onuň golaýyndaky köçeleri böwetläp, işgärleriň edara jaýyna girmeginiň öňüni aldylar.

Ukrainanyň öňki içeri işler ministri, häzir oppozisioner Ýuriý Lutsenko protestleri dowam etdirmäge çagyrdy. Ol hökümetiň dolulygyna wezipeden çekilip, ýurduň täze durmuşy üçin ýol açmalydygyny nygtady.

Ukrainanyň hökümetiniň jaýynyň gabawa alynmagynydan bir gün öň Kiýewde ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagynda ýöriş geçirildi.

Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda ýekşenbe güni jemlenen protestçileriň sanynyň 100 müň bilen 500 müňüň aralygynda bolandygy habar berilýär.

Iň uly demonstrasiýa

Bu Ukrainanyň paýtagtynda 2004-2005-nji ýyllarda bolan ”Mämişi rewolýusiýadan” bäri iň uly demonstrasiýadyr.

Ýekşenbe güni Kiýewde prezidentiň administrasiýasynyň jaýynyň öňünde protesçileriň we polisiýanyň arasynda çaknyşyklaryň bolandygy, polisiýanyň protestçilere garşy gözýaşardyjy gazy ulanandygy barada habar berilýär. Şol çaknyşyklarda iki tarapdan 200-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Ýüzlerçe protestçi öten gijesini Garaşsyzlyk meýdançasynda çadyrlarda geçirdiler.

Protestçileriň biri Nikolaý Kowalenko özüniň ýetişen çagalarynyň we agtygynyň bardygyny we özüniň hut olaryň geljegi üçin protest geçirmäge we soňuna çenli gidişmäge taýýardygyny gürrüň berdi.

Ukrainanyň beýleki şäherlerinde-de müňlerçe adamyň gatnaşmagynda protest aksiýalarynyň geçirilendigi barada habar berilýär. Ýurduň günbatarynda ýerleşýän Lwow şäherinde ýekşenbe günki proteste 40 müňden gowrak adam gatnaşypdyr.

Syýasy hereket

Premýer-ministr Mykola Azarowyň metbugat wekili Witaliý Lukýanenko hökümetiň adatdan daşary ýagdaýy yglan etmek meselesine garaýandygy barada peýda bolan maglumatlary ret etdi.

Oppozisiýa ählumumy protestlere çagyrýar we sişenbe güni parlamentde ses berişlik geçirmek arkaly hökümetiň dargadylmagyny isleýär.

Ýewropa Komissiýasy Ukrainanyň hökümetini we oppozisiýasyny sabyrlylyga çagyrdy. Ýewropa Komissiýasynyň metbugat wekili Pia Ahrenkildeniň duşenbe güni aýtmagyna görä, Ýewropa Komissiýasy ukrain hökümetini zorlukdan saklanmaga we raýatlaryň söz azatlygyna hormat goýmaga çagyrdy.

Ukrainanyň käbir oppozisiýa liderleri ÝB-ni Ýanukowiçe garşy sanksiýalary kabul etmäge çagyrdylar. Emma ÝB-niň metbugat wekili häzirki wagtda hiç hili sanksiýalara garalmaýandygyny aýtdy.

Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmegi sebäpli hökümete garşy geçirilýän protest aksiýalary geçen şenbe güni polisiýanyň protestçilere garşy güýç ulanmagy netijesinde hasam bat aldy.

Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen bileleşmek boýunça ylalaşyga geçen hepdede Wilnýusda gol çekmegine garaşylypdy.

Orsýet hem öz gezeginde, eger Ukraina ÝB bilen ylalaşyga gol çekse, oňa söwda ugrundan basyş etjegini duýdurypdy.
XS
SM
MD
LG