Sepleriň elýeterliligi

TI: Türkmenistan 'syrtmak halkany' ýatladýar


"Transparency International" guramasynyň ýaýradan indeksi.

"Transparency International" guramasynyň ýaýradan indeksi.

Sişenbe güni düýbi Berlinde ýerleşýän “Transparency International” guramasy “Korrupsiýanyň indeksi” atly öz ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

Hasabatda 177 ýurduň jemgyýetçilik pudagyndaky korrupsiýanyň derejesi seljerilýär. Gürrüňi gidýän hasabatda Türkmenistan iň soňky orunda ýerleşdirilipdir.

Azatlyk Radiosy “Transparency International” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça koordinatory Swetlana Sawitskaýa bilen ýörite söhbetdeş bolup, hasabatda Türkmenistana berlen ýer barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Swetlana, “Transparency International” guramasynyň “Korrupsiýanyň indeksi” hasabatynyň şu ýylky sanynda Türkmenistan parahorlugyň derejesi boýunça iň soňky, ýagny iň ýaramaz 168-nji orunda ýerleşdirilipdir. Bu nämäni aňladýar?

Swetlana Sawitskaýa: Bu Türkmenistanda korrupsiýanyň pajarlap, gülläp ösýändigini aňladýar. Bu Türkmenistanda biznes etmekçi bolýan ýerli we daşary ýurt kärhanalarynyň uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerli ýönekeý graždanlaryň hem [korrupsiýadan] ejir çekýändigini aňladýar.

Şeýle-de [Türkmenistanyň] ýyldan-ýyla “Korrupsiýanyň indeksi” hasabatynda soňky orunlarda ýerleşdirilmegi, ýurtda parahorlugy azaltmak ugrunda hökümetiň “iňňäniň ujy” ýaly tagallalary hem etmeýändigini görkezýär. Bu-da öz gezeginde türkmen hökümetiniň ýagdaýlary özgertmek, ýurdy iň bolmanda öz halky üçin has açyk etmek üçin syýasy erkiniň ýokdugyny aýdyň äşgär edýär. Garaz, Türkmenistanda bu ugur boýunça hiç kim hiç bir zady etmäge hem synanyşjak bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Swetlana, ýaňy siz parahorlugyň biznes etmek mümkinçiliklerine oňaýsyz täsir ýetirýändigini aýtdyňyz. Bu barada has anygrak durup geçäýseňiz? Bu iş ýüzünde nähili amala aşýar?

Swetlana Sawitskaýa: Iş ýüzünde bu juda ýönekeý usulda amala aşyrylýar. Telekiçileriň öňünde böwetler, köp halatda emeli böwetler döredilýär. Telekeçiler hem bularyň hötdesinden gelmek üçin para bermeli bolýarlar.

Mysal üçin, para-peşgeş şu halatlarda: biznesiňi registrasiýa etdirjek, hasaba aldyrjak wagtyň; dürli inspeksiýa-gözegçilik edaralarynyň barlaglaryndan “aman sypjak” bolsaň berilýär.

Munuň üstesine-de ýurtda biznesiň ösmegine hemaýat berjek garaşsyz sud ulgamy, adamlaryň şahsy emlägini kepillendirmek ýaly düzgünler hem ornaşdyrylanok.

Daşyndan gelmekçi bolýan biznes şirketleri hem owaly bilen häkimiýetiň başyndaky resmiler, ýagny prezident, degişli ministrler bilen “umumy dil tapyşmaly” bolýarlar.

Garaz, Türkmenistan ýaly ýurtda açyk we aýdyň şertlerde işlemek mümkin däl diýse bolar.

Azatlyk Radiosy: Swetlana, ýaňy siz jogaplaryňyzyň birinde “Türkmenistanda ýagdaýlary özgertmek üçin [hökümetiň] syýasy erkiniň ýokdugyny” aýtdyňyz. Siziň pikiriňizçe, muňa näme sebäp bolýar?

Swetlana Sawitskaýa: Bu reformalar nämä gerek? Häkimiýetiň başyndaky adamlaryň güni onsuz hem “gül ýaly” geçip dur. Olary ähli zat kanagatlandyrýar. Olar öz durmuşyndan, häzirki ýagdaýlardan gaty razy. Olary adaty raýatlaryň nähili şertlerde ýaşaýandygy gyzyklandyryp hem duranok.

Häkimiýetler ýurtda korrupsiýanyň özenini aýyrjak ýa-da oňa garşy göreşjek instutlary döretmekde gyzyklanma bildirmeýärler. Sebäbi bu institutlar dörediläýen halatynda, olar şol häkimiýetlere garşy işläp başlardylar. Ýagdaýlar şular ýalyrak, ol “syrtmak halkasyny” ýatladýar.

Azatlyk Radiosy: Swetlana, korrupsiýanyň ýokary derejesi hökümete, ýurda geljekde nähili täsir edip biler?

Swetlana Sawitskaýa: Hiç bir hökümet baky däl. Ahyrsoňy bir gün bu zatlaryň soňy gelmeli bolar. Emma, [netijede] ýurduň sebitdäki beýleki döwletler bilen deňeşdirilende juda ýaramaz şertlerde galmagy mümkin.

Türkmenistanyň ähli kişini kontrol etmek, gözegçilikde saklamak paranoýasy uzak dowam edip bilmez. Belki-de, raýatlaryň özleri hem ýagdaýlar babatynda öz pikirlerini aýdyp başlarlar. Munuň ýakyn geljekde boljagyny aýtmak kyn hem bolsa, geliň, ýagşy umytda bolalyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG