Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Protestlere kimler gatnaşýar?


Oppozisiýa liderleri Arseniý Ýatsenýuk (sagda) we Witaliý Kliçko. 27-nji noýabr, 2013 ý.
Oppozisiýa liderleri Arseniý Ýatsenýuk (sagda) we Witaliý Kliçko. 27-nji noýabr, 2013 ý.
Azatlyk Radiosy Ukrainada geçirilýän “Ýewromaýdan” protestlerine gatnaşyjylaryň esasan haýsy syýasy toparlardygy barada giňişleýin maglumat taýýarlady. Ukrainada protestler prezident Wiktor Ýanukowiç Moskwanyň basyşlarynyň we gysyşlarynyň netijesinde ÝB bilen söwda gatnaşyklaryny ret edensoň başlandy.

Ýehor Sobolew Kiýewiň “ÝewroMaýdan” protestleriniň baş gahrymanlaryndan biri bolup, ol özüniň dogduk topragy Doneskde maliýe habarçysy bolup işläp başlan gününden bäri Wiktor Ýanukowiçiň alýan kararlaryna ýakyndan syn edýär. Ol 2004-nji ýylda ştatdan daşary habarçy bolup işe başlansoň, Ýanukowiçdir onuň ýaranlaryny has ýakyndan syn etmäge mümkinçilik aldy. Şol döwürde Ukrainada jedelli prezident saýlawlary geçirilip, saýlaw çäreleriniň soňy ilkinji Maýdan protestleri hasaplanýan “Mämişi rewolýusiýa” bilen utgaşyp gidipdi.

Ýehor Sobolew
Ýehor Sobolew
Sobolew Kiýewiň media bileleşiginiň başlygy wezipesini eýelemek bilen Ukrainada höküm sürýän senzura meselesini çözmek ugrunda iş alyp bardy we ol soňlugy bilen “Wremýa” atly habarlar gepleşiginiň alypbaryjysy boldy. Agzalýan gepleşik halk arasynda örän uly meşhurlyga eýedir. Ýagdaý şeýle bolsa-da, belli oligarh Petro Poroşenko bilen Sobolewiň arasyna tow düşüp, meşhur alypbaryjy telewideniýäni terk etmeli bolýar. Poroşenko Ukrainanyň “5-nji kanalynyň” başlygydyr. Ýehor Sobolew Rinat Ahmetow bilen hem käbir oňşuksyzlyklary we düşünişmezlikleri başdan geçirýär. Ahmetow Sobolewi kanalyň baş redaktory wezipesine bälläp, şondan iki sagat soň hem ony işden boşadýar. Gürrüňi edilýän žurnalistiň aýaly Mariçka Padalka hem mawy ekranda giňden tanalýan alypbaryjy.

Sobolew soňlugy bilen “garaşsyz habar merkezini” açyp, öz kärini dowam edýär. Ýöne ahyrsoňy ol žurnalistikany taşlap, “Wolýa”, ýagny “Erk” atly syýasy aktiwistler toparyny döredýär. Agzalýan hereket geçen tomusda bolup geçen “şäher häkimleriniň saýlawlarynda” ilkinji gezek sahna çykýar we ol topar saýlawyň garşysyna protest bildirmek üçin Kiýewiň şäher häkimliginiň binasyny eýeleýär. “Ýewromaýdan” demonstrasiýalarynda bolsa Sobolew özüniň başarjaň strategiýaçydygyny subut etdi we blokadalaryň kartogrammalaryny düzüp, ýagdaýdan üstünlikli baş alyp çykmagy başardy.

Ol 2-nji dekabrda, ýagny prezidentlik binasynyň öňünde polisiýa bilen protestçileriň arasynda bolup geçen ganly çaknyşykdan bir gün geçensoň, öz çap eden blogunda şeýle setirleri ýazýar: “Daşlamak adamlaryň kösenmegine getirip, oklanan daşlar biziň ahlak kadalarymyzy ýere pylçamakdan başga zada ýaramaz”. Ol öz sözlerini şeýle dowam edýär: “Häkimiýetleriň hiç kimiň özüni “taşlanan” ýaly duýmagynyň zerur däldigini bilmeklerine mümkinçilik dörediň. Hatda Ýanukowiçe-de bu ýerlerden başyny alyp gitmeginiň mümkindigini görkeziň. Ministrlerde we beýleki regional liderlerde halkyň tarapyna geçmek üçin entegem mümkinçiligiň bardygyny, ýogsa soňra giç boljakdygyny olara görkeziň. Biz, ynha, şulary berjaý etsek we köçeleri doldursak, hökümet hökman çöker.”

***
Dmitro Korçinsko
Dmitro Korçinsko
Haçan-da “Ýewromaýdan” protestçileriniň arasyna maskaly demonstrantlar goşulyp, parahatçylykly ýörişleri bulajak bolanlarynda, her kim bu ýagdaýa gynandy. 1-nji dekabr güni ýük ulaglary bilen protestçileriň arasyna goşulan maskaly demonstrantlar polisiýa işgärlerine hüjüm edip, prezidentiň köşgüne girjek boldular. Muňa jogap edip polisiýanyň protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulanmagy “eýse, bu çäreleri bulajak bolýarlarmy?” diýen myş-myşyň ýaýramagyna sebäp boldy. Käbir adamlar bolsa: ‘ýörişe soňundan gelip goşulan topara Dmitro Korçinsko ýolbaşçylyk edýändir’ diýen çaklamadan ugur aldylar. 49 ýaşly Dmitro Korçinskiý “Bratstwo”, ýagny “Doganlyk” atly syýasy topara ýolbaşçylyk edýär. Agzalýan topar öz ideologiýasyny “Hristian prawoslaw milli anarhizmi” diýip häsiýetlendirýär.

Korçinskiý galama-da gylyja-da erk edip bilýär. Ol şahyr we filosof hökmünde tanalýar. Şeýle-de ol 90-njy ýyllarda döredilen aşa radikal “Ukrain Milli Assambleýasynyň” (UMA) esaslandyryjysy we şol toparyň harbylaşdyrylan böleginiň başlygydy. UMA-da wagty ol ýowuz beýannamalary ýaýradypdy, ýagny ol: “Adam hakyky özüni diňe ölüm şerbetini dadyp, tapyp biler” diýýärdi. Ýöne “Bratstwoda” ol başgaçarak, has gyzyklyrak ýörelgäni saýlap alypdyr. Ýagny, Korçinskiý syýasaty suratlandyranda, ony edebiýat bilen sazyň arasyndaky “gyzykly mukam” hökmünde taryp edýär.

Habar saýtlary protestlerde prezidentlik binasyna ilkinji bolup hüjüm eden adamyň Korçinsikidigini we onuň özboluşly murty bilen illerden saýlanyp durandygyny habar berýär. Bu waka birnäçe adamyň şaýat bolandygyny hem websaýtlar belläp geçýärler. Soňra Içeri işler ministrligi prezidentlik binasyna edilen hüjüme “Bratstwo” toparynyň 300 sany agzasynyň gatnaşandygyny habar berdi. Tanktyçylar Twitter sosial ulgamynda Korçinskini tankyt edip onuň “orsa aşyk” strategiýaçy – Wiktor Medwedçugyň ýapjasydygyny öňe sürdüler. Korçinskiý bu gürrüňleri ret edip, protestleriň ganly jeňe öwrülmeginden Wiktor Ýanukowiçiň özüniň jogapkärdigini aýtdy. Ol öz sözlerinde: “Eger ukrainalylar düýn Ýanukowiçi halamadyk bolsalar, bu gün ony ýigrenýärler. Bu indiden beýläk köpçülik protesti däl, bu indi halk gozgalaňyna öwrüldi” diýýär.

***

Oleg Týahnybok
Oleg Týahnybok
“Maýdan” protestçileriniň kimsi Günbatara garşy hyjuwdan meçew alsa, kimsi Gündogara bolan ýigrençden bat alýar. 45 ýaşly Oleg Týahnybok – “Swoboda”, ýagny “Azatlyk” atly syýasy hereketiň baştutany. Bu hereket 1-nji dekabrda Kiýewiň şäher häkimligini basyp alypdy. Olar şondan bäri halky köpçülikleýin iş taşlaýşa çagyrýarlar. Týahnybok “Ukrainada rewolýusiýa bolup geçýär” diýýär. Ol Orsýeti Ukraina garşy wirtual söweş alyp barmakda aýyplaýar. Şeýle-de ol Orsýete garşy wiza režimini güýje girizmäge çagyrýar we ors diliniň Ukrainada ikinji döwlet dili hasaplanmagyna garşy çykyş edýär.

Karýerasynyň ösüşi uzaga çeken Týahnybogyň häzirki protest çärelerine syýasy mümkinçilik hökmünde garaýan bolmagy hem ahmal. Ol ilkinji gezek 1998-nji ýylda parlamente girdi we uzak wagtdan soň Wiktor Ýuşenkonyň “Biziň Ukrainamyz” atly bileleşiginiň parlamente täzeden saýlanmagy bilen bileleşigiň agzasy hökmünde olam ýeňiş gazandy. Ýöne onuň milli garaýyşlary gürrüňi edilýän bileleşikden onuň çykarylmagyna getirdi we tankytçylar ony antisemitizmde aýyplap, Týahnyboguň syýasy ösüşine böwet boldular.

2012-nji ýylda prezidentlik saýlawlarynda we şäher häkimleriniň saýlawynda ýeňlişe uçran Týahnybok Werhownaýa Rada “Azatlyk” hereketiniň ýolbaşçysy hökmünde täzeden girdi. Ýöne Týahnyboguň “Maýdan” protestçilerini goldamagy onuň kanunçykaryjy ýoldaşlaryna ýaramady. 2-nji dekabrda beren interwýusynda ol kellesindäki ganly ýaralary görkezip, olary parlamentçileriň edendigini aýtdy.

Ownuk oppozision toparlary bilen meşhur bolan ýurt, ýagny Ukraina üçin Týahnybok häzirlikçe diňe bir oýunçy. Ol esasy opposizion akymlara baştutanlyk edýän Arseniý Ýatsenýuk we Witaliý Kliçkonyň planlarynyň strategiýasy bilen meşgul. Kliçko barada aýdanymyzda, Týahnyboguň oňa syýasatdan daşgary hem meňzeýän taraplary bar, mysal üçin, Týahnyboguň kakasy hem ökde boksçydy. Ýöne Týahnybok ÝB integrasiýasyna garşy gidýändigi üçin, oppozision liderler entek-entek protestleriň dowamynda gabatlaşmasalar gerek.

***

Ökde oýunçy Witaliý Kliçko hem Ukrainada dowam edýän syýasy düwnüň hamyrmaýasyndan üzňe däl. Ol protestleriň çynlakaý hem güýçli dowam etmeginiň tarapdary. 42 ýaşly agyr agramdaky boksçy özüniň prezidentlik arzuwyny hiç kimden gizläp ýörenok. Ol hut şol maksat bilen 2010-njy ýylda özüniň ”UDAR” partiýasynyň düýbüni tutdy. Kliçko 2015-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagy maksat edinýär. Kliçko güýçlendigiçe, Ýanukowiç ejizleýän ýaly bolup görünýär.

Kliçkonyň pozisiýasy – sözüň doly manysynda Ýewropanyň tarapdary we korrupsiýa garşy göreşiji. Hökümet 21-nji noýabrda ÝB bilen söwda ylalaşygyna gol çekmekden boýun gaçyransoň, Kliçko hökümete garşy protest bildirmek üçin köçä çykan adamlaryň arasynda ähmiýetli şahsyýete öwrüldi. Şondan bäri hem ol Ýanukowiçi prezidentlik wezipesinden el çekmäge çagyrýar. Kliçko özüniň “Çözgüt taslamasyny” hödürläp, Ukrainanyň bütinleý täzelenmegine çagyrýar. Şol bir wagtyň özünde ol protestleriň asuda geçmegi üçin hem tagalla edýär. Ol protestleri bulamakçy bolýan toparlary dargadyp, içgili köçe tankytçylaryna garşylyk görkezýär. “Guardian” gazetiniň habarçysy Şaun Wolker özüniň ýazan twitinde şeýle diýýär: “Eger birden Kliçko prezident bolaýsa, onda Putin onuň bilen bile geçiriljek metbugat konferensiýalardan gorkup başlar”.

***

“Ýewromaýdanda” ýygnanan jemende ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko tussag edilende köçä çykan protestçilerden has köp. Ýöne Timoşenkonyň “Batkiwşina”, ýagny “Ata Watan” partiýasynyň häzirki lideri Arseniý Ýatsenýuguň bu çärelere gatnaşmagy, tussaglykdaky zenanyň syýasy dowamaty hökmünde ukrain syýasatynyň sahnasynda hemişelik ýatlanar.

Bu biziň“Ýatsenýuk diňe bir iş tabşyrylan adam” diýdigimiz däl. 39 ýaşly, partiýa ýolbaşçysy Ýatsenýuk Ukrainanyň oppozision syýasatynyň iň güýçli hem-de iň täsirli syýasatçylaryndan biridir. Ol ozal parlamentiň metbugat wekili, ykdysadyýet we daşary işler ministri wezipelerinde işläpdi.

“Ata Watan” partiýasynyň lideri hökmünde Ýatsenýuk Ukrainanyň ikinji iň uly partiýasyna başlyklyk edýär we bu partiýa Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasyna” gönüden-göni howp bolup biljek partiýadyr. Ýatsenýuk Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarowy özleriniň hökümeti rejeleýiş çärelerinde “ilkinji basgançak” hökmünde görýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG