Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Protestler dowam edýär


Kiýewde ýüzlerçe protestçi parlamentiň öňünde jemlendi. Ukrainanyň parlamenti hökümete ynamsyzlyk bildirmek barada maslahat geçirýär.

Oppozisiýa Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyk baglaşmakdan ýüz öwüren prezident Wiktor Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmegini talap edýär. Ýanukowiçiň bu karary Ukrainada tutuş ýurt boýunça 2004-nji ýuldan bäri iň güýçli protestleri tutaşdyrypdy.

Sişenbe güni parlamentde maslahat başlanaly bäri bu ýerde ençeme müň adamyň gatnaşmagynda geçirilýän protest aksiýasyna polisiýa güýçleri garşy durýarlar.

Premýer-ministr Mykola Azarow oppozisiýany parlamentiň binasyny gabawa almakda günäledi. Şeýle-de, Azarow Kiýewde we Ukrainanyň beýleki ýerlerinde geçirilýän protestleriň “döwlet agdarylyşygynyň alamaty” bolup durýandygyny aýtdy.

Ukrainada syýasy krizisyň dowam etmegine garamazdan prezident Ýanukowiç Hytaýa sapar edýär. Onuň Pekinde maliýe kömegi soramagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG