Sepleriň elýeterliligi

logo-print

NATO Owganystana duýduryş etdi


NATO-nyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, eger Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ABŞ bilen Howpsuzlyk barada ylalaşyga gol çekmese halkara güýçleri bu ýurtdan öz harbylarynyň ählisini çykarmaly bolarlar.

Anders Fog Rasmusseniň duşenbe güni aýtmagyna görä, ABŞ-nyň we Owganystanyň arasynda ylalaşygyň baglaşylmadyk ýagdaýynda, NATO hem owgan hökümeti bilen harby hyzmatdaşlyk barada özara ylalaşygyny baglaşyp bilmeýär.

ABŞ-nyň we Owganystanyň arasynda gol çekilmeli diýilýän ylalaşykda 2014-nji ýylda halkara goşunlarynyň aglaba köpüsiniň Owganystany terk etmeginden soň bu ýurtda amerikan harbylarynyň galmagyna degişli şertleriň kesgitlenmegi göz öňünde tutulýar.

Owganystanyň ýaşulylar geňeşi agzalan ylalaşygyň baglaşylmagyny goldady, emma Karzaý gutarnykly karara 2014-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan ýolbaşçy tarapyndan gelinmegini isleýär.

ABŞ-nyň we Owganystanyň arasynda howpsuzlyk boýunça ylalaşyk meselesine sişenbe güni NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Brusselde geçirýän iki günlük duşuşygynda garalmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG