Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: "Talybana" lider bellendi


Pakistanly talyplaryň täze lideri Owganystanyň günorta böleginden öz ýurduna dolanyp bardy.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçlerindäki gizlin çeşmeleriň we “Talybanyň” wekiliniň tassyklamagyna görä, Maulana Fazlullah Pakistana birnäçe gün ozal barypdyr.

Fazlullah pakistanly “Talyban” hereketiniň ýolbaşçylygyna geçen aýda Hakimulla Mehsudyň ABŞ-nyň sürüjisiz uçary tarapyndan öldürilenden soň bellenipdi. Pakistanyň Swat welaýatynda eden çykyşlary sebäpli “Molla Radiosy” diýen lakamy bilen tanalýan Fazlullah 2009-njy ýylda onuň bazasynyň ýok edilmeginden soň Owganystana gaçyp gutulypdy.

Pakistanyň hökümeti Fazlullahyň kellesi üçin 500 müň dollar möçberde sylag beriljegini yglan etdi. Fazlullah pakistanly harbylara hüjüm etmekde we pakistanly aktiwist gyz Malala Ýusufzaýyň janyna kast etmäge synanyşmakda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG