Sepleriň elýeterliligi

Duşenbede aeroportyň işgärleri jezalandyryldy


Duşenbäniň halkara aeroportynyň birnäçe işgäri latwiýaly sazandalar toparyndan para talap etmekde günälenip işden kowuldy.

Täjigistanyň Korrupsiýa garşy göreş boýunça döwlet agentliginden Alişer Nasirowyň sişenbe güni AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Latwiýaly “Baraka” atly toparyň lideri Dmitriý Ýewsikowyň şikaýaty boýunça geçirilen derňewleriň netijesinde Duşenbäniň aeroportunyň birnäçe işgärine käýinç berilipdir, birnäçesi işden kowulypdyr.

Ýewsikow awgust aýynda Facebook sahypasynda çap eden maglumatynda sazandalaryň Duşenbeden gaýdanlarynda aeroport işgärleriniň olardan para talap edendigini ýazypdy.

Sazandalar Duşenbede we Daglyk Badahşan awtonom regionynda konsert geçiripdi.
XS
SM
MD
LG