Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"TI": Korrupsiýa möwç alýar


“Transparency International” guramasy döwlet pudagyndaky korrupsiýanyň dünýä ýurtlaryny, şol sanda postsowet döwletlerini dargadyp barýandygyny duýdurýar.

Bu maglumatlar Berlinde ýerleşýän bu guramanyň sişenbe güni ýaýradan Korrupsiýa baradaky hasabatynda berildi.

Programmanyň koordinatory Swetlana Sawitskaýa GDA döwletleriniň köpüsinde ýagdaýyň hasam agyrdygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, bu ýurtlarda korrupsiýanyň derejesi geçen ýylkysyndan has ýokarlandy ýa-da ozalky durşunda galdy.

Sawitskaýanyň sözlerine görä, postsowet ýurtlarynda ykdysady we syýasy güýjüň häkimiýet başyndaky elitalaryň elinde galmagy korrupsiýa garşy göreşi hasam kynlaşdyrýar. Üstesine, syýasy we biznes bähbitleriň arasyndaky tapawut örän ujypsyz bolmagyna galýar.

Iň erbet ýagdaýly ýurtlaryň arasynda Owganystan, Demirgazyk Koreýa we Somali agzalýar. Korrupsiýadan iň azat ýurtlaryň Daniýa we Täze Zellandiýadygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG