Sepleriň elýeterliligi

Korrupsiýanyň ýaşlara ýetirýän täsiri


Bir adamyň beýleki birine para berip durandygyny şekillendirýän surat.

Bir adamyň beýleki birine para berip durandygyny şekillendirýän surat.

Sişenbe güni (3-nji dekabr) düýbi Berlinde ýerleşýän “Transparency International” guramasy “Korrupsiýanyň indeksi” atly öz ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

Hasabatda 177 ýurduň jemgyýetçilik pudagyndaky korrupsiýanyň derejesi seljerilýär. Gürrüňi gidýän hasabatda Türkmenistan iň erbetleriň hatarynda iň öňdäki orunlarda ýerleşdirilipdir.

Eýsem, ýurtda korrupsiýanyň şeýle derejede ornaşmagy ýaşlara we olaryň durmuşyna nähili täsirini ýetirýär?

Öňümizdäki hepde Täze Tolkun gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi, gören-eşidenleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG