Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Hökümete ynamsyzlyk bildirilmedi


Ukrainanyň parlamenti hökümete ynamsyzlyk bildirmek teklibini ret etdi. Oppozisiýanyň inisiatiwasy boýunça öňe sürülen bu teklip kabul edilmegi üçin zerur bolan 226 sesden diňe 186 sesi toplady.

Oppozisiýa Wiktor Ýanukowiçiň prezident wezipesinden çekilmegini onuň Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagy barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmeginden soň talap edip başlady.

Ýanukowiçiň karary Ukrainada 2004-nji ýyldan bäri iň güýçli protestleri döretdi. Sişenbe güni parlamentiň öňünde jemlenen müňlerçe protestçi parlamentde geçirilen ses berişligiň netijelerini “Masgaraçylyk” we “”Rewolýusiýa” diýen şygarlar bilen kabul etdi.

Ses berişligiň öňüsyrasynda Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow dynç günlerinde polisiýanyň protestçilere garşy amala aşyran rehimsiz hereketleri üçin ötünç sorady. Şeýle-de, Azarow öz hökümetiniň düzümini täzelemegi wada berdi.

Oppozisiýa protestleri dowam etdirjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG