Sepleriň elýeterliligi

“SpaceX” kosmosa sputnik uçurdy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hususy “Space Exploration Technologies”, ýa-da “SpaceX” kompaniýasy kommersiýa sputnigini ilkinji gezek kosmosa üstünlikli uçurdy.

Amerikanyň “Falcon 9” kysymly adamsyz raketasy sişenbe güni agşam Florida ştatynyň Keýp Kanaweral regionyndan uçuryldy we takmynan 15 minutdan soň orbita baryp ýerleşdi. Bu orbita Lýuksemburgyň “SES” kärhanasyna degişlidir.

Kosmosa uçurylan sputnik Hindistanyň, Hytaýyň, Wetnamyň we Aziýanyň käbir beýleki ýurtlarynyň müşderilerini telewideniýe we beýleki hyzmatlar bilen üpjün eder.

Bu gürrüňi edilýän sputnigi “Falcon 9” kysymly raketada kosmasa uçurmak boýunça üçünji synanyşykdy. Mundan ozalky iki synanyşyk tehniki näsazlyklar sebäpli başa barmandy.
XS
SM
MD
LG