Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam: Täze sanksiýalar bolmaly däl


Ak tam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kanun çykaryjylaryna Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmezligi üçin gaýtadan duýduryş berdi. Ol bu Eýran bilen dünýäniň alty iri döwletiniň arasynda baglaşylan deslapky ýadro ylalaşygyny bozup biler diýdi.

Ak tamyň metbugat wekili Jeý Karneý hat-da birnäçe aý güýje girmejek täze sanksiýalary tassyklamaklyk hem, Eýranyň Waşington “ynsapsyz” ylalaşdy diýip pikir etmegine sebäp bolar diýdi.

Geçen aý Eýranyň we dünýäniň alty iri döwletiniň arasynda Tähranyň ýadro programmasynyň käbir bölekleriniň togtadylmagy barada ylalaşyga gelindi. Muňa jogap hökmünde Eýrana garşy girizilen käbir sanksiýalar ýeňilleşdirildi.
XS
SM
MD
LG