Sepleriň elýeterliligi

Liwan: “Hizballahyň” komandiri öldürildi


“Hizballah” topary öz komandirleriniň biriniň Beýrutdaky öýüniň daşynda öldürlendigini habar berýär. Gürrüňi edilýän bu topar liwanly şaýy söweşiji toparydyr.

Toparyň ýaýradan beýanatynda komandir Hassan al-Lakkisiň Liwanyň paýtagtyndaky Hadat etrabyndan öýüne gaýdyp gelende gijäň ýary öldürlendigi aýdylýar.

Liwanyň howpsuzlyk resmileriniň berýän maglumatyna görä, komandir awtoulagynda mahaly oňa ýaragdan ot açylypdyr.

“Hizballah” topary bu wakada Ysraýyly aýyplaýar. Toparyň aýtmagyna görä, mundan öň hem Ysraýyl al-Lakkisi ençeme gezek öldürmäge synanyşypdyr.

Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýigal Palmor komandiriň öldürilmeginde ýurdunyň hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

Ysraýyl bilen “Hizballah” topary 2006-njy ýylda uruşypdylar. Şonda aglabasy asuda raýatdan ybarat 1 müň 200-den gowrak liwanly we köpüsi esgerlerden ybarat 150-den gowrak ysraýylly ölüpdi.
XS
SM
MD
LG