Sepleriň elýeterliligi

Kerri: Pakta owgan ministri gol goýup biler


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet sekretary Jon Kerri Kabul bilen Waşingtonyň arasynda ylalaşyljak howpsuzlyk paktyna Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaýyň ýerine ýurduň goranmak ministri ýa-da hökümet gol goýup biler diýdi. Bu ylalaşyga gol goýulsa, ol amerikan goşunynyň 2014-nji ýyldan soň Owganystandaky galmaly harby missiýasyny kesgitlär.

Kerri NATO agza ýurtlaryň ministrleriniň Brýusselde geçiren ýygnagynda owgan hökümetiniň ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygyna “gija goýman, ýakynda” gol goýmagyna çagyryş etdi.

Karzaýyň gürrüňi edilýän ylalaşyga gol goýmaga göwünsizdigi we onuň bu ylalaşyga aprel aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndan öň gol goýmajakdygy öňe sürülýär.

Birleşen Ştatlar we NATO Owganystana kömek we goşun ugradýan ýurtlaryň geljegi planlaşdyrmaga wagty bolmaly diýip, owgan hökümetiniň gürrüňi gidýän ylalaşyga derhal gol goýmagy üçin çagyryş etdi.

Waşington ylalaşyga gol goýulmasa, NATO we Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň ählisiniň Owganystandan çykarylmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG