Sepleriň elýeterliligi

Ýag-ýangyç gymmatlady


Azerbaýjanyň paýtagty Baku

Azerbaýjanyň paýtagty Baku

Azerbaýjanyň hökümeti benziniň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasynyň birden ýokary galdyrylýandygyny habar berdi.

Duşenbe güni Baku wagty bilen sagat 22:00-de Bakuwyň “Tarif geňeşi” bahalar baradaky täze karary mälim etdi. Bu geňeş ýurduň içinde harytlaryň we hyzmatlaryň iň ýokary bahasyny çäklendirýän edaradyr.

Bahalar galdy

Azerbaýjanyň, ýary gije güýje giren bu karardan bihabar ulag sürüjileri sişenbe güni oýanyp işe çykanlarynda, benzini öňküden 27-33 göterim gymmat bahadan satyn almaly boldular.

Geňeş senagat önümçiliginde ulanylýan tebigy gazyň bahasyny hem galdyrdy. Ozal 1000 kub metriniň bahasy 42 manat, ýagny 53,50 amerikan dollaryna barabar bolan tebigy gazyň bahasy bir gijede 80 manada (102 $) çykdy.

Azerbaýjan häkimiýetleri bu mesele boýunça hiç hili düşündiriş bermediler.

Sebäbi näme?

Hökümete degişli bolmadyk, düýbi Bakuwda ýerleşýän, “Ykdysady başlangyçlara kömek” atly jemgyýetçilik bileleşiginiň başlygynyň orunbasary, ykdysadyýetçi Röwşen Agaýew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu karary - nebit önümçiliginiň azalmagynyň netijesinde döwletiň jemi içerki girdejisiniň pese gaçmak ähtimallygy bilen baglanyşykly diýip düşündirdi.

Röwşen Agaýew şeýle diýýär: “Nebit önümçiligi pese gaçýar. Hökümetiň nebit pudagyndan gazanýan girdejisi 2014-nji ýylda şu ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 2 million manat, ýagny 2.43 millard amerikan dollary möçberinde azalar. Bu ýitginiň öwezini dolmak üçin hökümetiň bahalary gymmatladýandygy öz-özünden düşnükli ýagdaý.”

1 litr benziniň täzelikde kesgitlenen bahasy benziniň hiline baglylykda 0.7 manat (1.02 $) bilen 0.8 (1.02 $) manat aralgyndadyr. Ozal 1 litr benziniň bahasy 0.55 manatdan 0.60 manada çenlidi.

1 litr dizel ýangyjynyň bahasy 0.45 manatdan 0.60 manada (0.76 $) göterildi.
Bakuwda awtobus sürüjisi bolup işleýän Adil Amirow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde sistemany bahana edip, her gün sürüjilerden pul ýygnaýan ulagdyr we aragatnaşyk ugrundan jogapkär döwlet işgärleriniň eden-etdiligi sebäpli we benziniň bahasynyň duýdansyz galmagy işgärleri işden çykmaga mejbur edip biler.

Karara garşylyk

Adil Amirow öz pikirini şeýle beýan edýär: “Eger-de olar biziň her günüň ahyrynda döwlete töleýän pulumyzyň mäçberini azaltmasalar, bu ýerde işlärlik ýok. Benziniň bahasy galansoň, biz döwlete her gün öňki töleýänimizden 15 manat artykmaç pul tölemeli bolýarys. Benziniň bahasy galmanka, biz her gün döwlete 25 manat (30 $) töleýärdik. Meniň günüme 10 manat (12 $) [hak] üçin işläsim gelenok. Eger döwlete tölemeli pulumyzy azaltmasalar, men şu günüň özünde işden çykjak. Haçan-da benziniň bahasy galsa, hemme zadyňam bahasy galýar.”

Bakuwda käbir kanunçykaryjylar hem bu karara garşy gidýärler. Olar bu gymmatçylygyň beýleki harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyna täsir etjekdigini aýdýarlar.

Ykdysadyýetçi Agaýew hem benziniň bahasynyň beýleki harytlaryň bahasyna öz täsirini ýetirjekdigini aýdýar: “Öňümizdäki ýylyň býujeti baradaky seljermelerimiziň esasynda şulary aýdyp bolar, ýagny hökümet öňümizdäki ýylyň içinde hojalyk hyzmatlarynyň we ýangyjyň bahasyny iki esse galdyrmagy planlaşdyrýar. Diýmek, biziň suwa, elektrik toguna we tebigy gaza töleýän töleglerimiz hem artar. Hökümet bu zatlary meýilnama esasynda ýuwaş-ýuwaşdan durmuşa geçirip biler. Bu zatlary birden duýdansyz amala aşyryp bolmaz”.

“Tarif geňeşi” soňky sapar 2007-nji ýylyň ýanwar aýynda benziniň bahasynyň 50 sent ýokarlanandygyny habar beripdi.

Resmiler karar barada iş gününiň tamamlanmagyndan öň habar berdiler. Bu bolsa şäherde sürüjileriň arasynda aljyraňňy ýagdaýyň döremegine we ýangyç nokatlarynyň öňünde emele gelen nobatlaryň uzamagyna sebäp boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG