Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Azarow oppozisiýa çagyryş etdi


Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow, Kiýew, 3-nji dekabr, 2013

Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow, Kiýew, 3-nji dekabr, 2013

Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow oppozisiýany ýurtda syýasy dartgynlylyga bat bermekden saklanmaga çagyrdy.

Şol bir wagtda-da Ukrainada hökümetiň öz wezipesinden çekilmegini talap edip geçirilýän protestler dowam etdirilýär.

Azarow çarşenbe güni hökümet maslahatynda eden çykyşynda hökümetiň edara jaýyny gabawa alan prtotestçilere Konstitusiýany we beýleki kanunlary bozmakda günäli tapylanlaryň jogapkärçilige çekiljekdigini duýdurdy.

Potestler üçin esas

Azarow “köçe protestleri üçin esaslar aradan aýryldy” diýip belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de oppozision kanunçykaryjylar parlamentiň çarşenbe günki maslahatynyň işini duruzdylar we öz talaplary ýerine ýetirilýänçä, kanun çykaryjy organyň işiniň öňüne böwet basmagy dowam etdirjegini duýdurdylar.

Oppozisiýa Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ýakynlaşdyrmak barada ylalaşyk baglaşmakdan ýüz öwürendigi we polisiýanyň protestçilere garşy zorluk ulanandygy sebäpli hökümetiň öz wezipesinden çekilmegini talap edýärler.

Mundan öň prezident Wiktor Ýanukowiç ÝB bilen assosiasiýa we erkin söwda boýunça ylalaşyga gol çekişligiň öňüsyrasynda bu ylalaşygy baglaşmazlyk ýüz öwrüpdi.

Ýanukowiçiň bu karary Ukrainada tutuş ýurt boýunça 2004-nji ýyldan bäri iň güýçli protestleri tutaşdyrdy. Ýekşenbe güni azyndan 350 müň adam Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdanynda jemlendi. Mundan bir gün öň polisiýanyň protestçileriň garşysyna ulanan zorlugy protestleriň has-da güýçlenmegine sebäp boldy.

Orsýet bilen gatnaşyk

Ýanukowiç ÝB bilen ylalaşyga gol çekmezlik kararyny düşündirip, Ukrainanyň Orsýet bilen söwda gatnaşyklaryna zeper ýetirmek islemeýändigini aýtdy. Orsýet Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyk baglaşmagyna garşy çykyş edýär.

Ukrainanyň parlamenti sişenbe güni geçiren ses berişliginde hökümete ynamsyzlyk bildirmekden ýüz öwürdi. Oppozisiýa öz protestlerini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Birnäçe müň protestçi çarşenbe güni hem Garaşsyzlyk meýdanynda galdy.

Geçen dynç günlerinde Kiýewde polisiýanyň we protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklarda dokuz adam tussag edildi.

Şol bir wagtyň özünde-de habar serişdeleri Ukrainanyň wise-premýeri Ýuriý Boýkonyň ikitaraplaýyn meseleleri, şol sanda tebigy gaz söwdasyny maslahat etmek üçin Moskwa gidendigini habar berdiler.

Ukraina Orsýetden has arzan bahadan tebigy gaz satyn almagy maksat edinýär.

Ukrainada dowam edýän syýasy krizise garamazdan, prezident Ýanukowiç ykdysady meseleleri maslahat etmek üçin Hytaýa sapar edýär.
XS
SM
MD
LG