Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda üç adam öldürildi


Yragyň Kerkuk şäherinde ýaragly adamlar polisiýa nokadyna hüjüm etmek üçin söwda merkezini ulandylar. Şondan soň ýurduň polisiýasy söwda merkezine hüjüm etdi diýip yragyň resmileri habar berýär.

Söweşijiler gijäň ýary söwda merkeziniň ýokarysyndan el granatlaryny oklap, asuda raýatlara we ofiserlere ot açdylar.

Kerkuk polisiýa komandiri general Sarhad Kadir polisiýanyň penşenbe güni söwda merkezine reýd geçirendigini we üç söweşijini öldürendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG