Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: 5 milliard telefona gözegçilik edilýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Milli howpsuzlyk gullugy bütin dünýäde her gün 5 milliarda golaý mobil telefonyň ýerleşýän ýerini hasaba alýar. Bu gürrüňi edilýän gulluga adamlaryň hereket edişine gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.

“The Washington Post” gazetiniň çap eden bu raportyna görä, bu baradaky dokumentler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň aňtaw gullugynyň öňki işgäri Edward Snowden tarapyndan üpjün edilipdir.

Raportda bellenilmegine görä, telefon ýazgylary hasaba alnan adamlaryň arasynda ABŞ-nyň daşynda ýaşaýan amerikalylar hem bar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Milli howpsuzlyk gullugy ABŞ-da ýaşaýan adamlaryň mobil telefonlaryna gözegçilik edilmeýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG