Sepleriň elýeterliligi

Westerwelle ukrain protestçileri bilen duşuşdy


Ukrainanyň ”UDAR” atly oppozision partiýasynyň lideri W.Kliçko (ç), Germaniýanyň daşary işler ministri G.Westerwelle (ortada) we "Batkiwşina" partiýasynyň lideri A.Ýatsenýuk (s), Kiýew, 4-nji dekabr, 2013.

Ukrainanyň ”UDAR” atly oppozision partiýasynyň lideri W.Kliçko (ç), Germaniýanyň daşary işler ministri G.Westerwelle (ortada) we "Batkiwşina" partiýasynyň lideri A.Ýatsenýuk (s), Kiýew, 4-nji dekabr, 2013.

Germaniýanyň daşary işler ministri Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdanynda Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň tarapyny tutýan protestçiler bilen duşuşdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle protestçileriň ýanyna ukrainaly oppozision lider we boks boýunça çempion Witaliý Kliçko, şeýle-de öňki ministr, häzir oppozisiýanyň agzasy Arseniý Ýatsenýuk bilen bilelikde bardy.

Westerwelle, Kiýewiň kararyna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň gapylarynyň Ukraina üçin açyk galýandygyny aýtdy. Geçen hepdede Ukraina ÝB bilen assosiasiýa hem söwda hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrdy we goňşy Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyk alyp barmak planlaryny yglan etdi.

Hökümetiň bu hereketi ýurtda 2004-nji ýyldan bäri iň güýçli protest çykyşlarynyň başlanmagyna getirdi.

Protestçiler bilen diskussiýa

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Kiýewe baran Westerwelle çarşenbe güni demonstrantlar bilen geçiren duşuşygynyň yz ýany çykyş edip, protestçiler bilen diskussiýanyň konstruktiw bolandygyny aýtdy.

Westerwelle Ýewropanyň Ukrainanyň ykbalyna biparh garamaýandygyny we öz gapylaryny açyk saklaýandygyny nygtady.

Şol bir wagtda-da Ukrainanyň üç sany özalky prezidentleri ýurtda emele gelen syýasy ýagdaý barada bilelikde beýannama ýaýradyp, protestçilere goldaw bildirdiler.

“Biz ýüzlerçe müň ýaş ukrainalylaryň parahatçylykly jemgyýetçilik çykyşlaryna raýdaşlyk bildirýäris” diýip, Leonid Krawçugyň, Leonid Kuçmanyň we Wiktor Ýuşenkonyň bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.

Ukrainanyň “daşyndakylar”

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Waşingtonyň ukrain protestçilerine goldaw bildirýändigini ýene-de bir gezek mälim etdi.

Çarşenbe güni Kişinýowa sapar eden Jon Kerri Moldowanyň ÝB bilen partnýorlyk barada ylalaşyga gol çekmegini makullady. Kerri Ukrainanyň raýatlarynyň-da, Moldowanyň raýatlary ýaly, öz geljegini saýlamaga mynasypdygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýurduň daşyndakylary Ukrainanyň içerki işlerine goşulyşmazlyga çagyrdy.

Ukrainanyň içeri işler ministri Witaliý Zaharçenko Kiýewiň merkezinde protestler dowam edýärkä, polisiýa güýç ulanmazlygy tabşyrdy. Şeýle-de, Zaharçenko protestlere gatnaşýanlaryň howpsuzlygyna guramaçylaryň jogapkärdigini belledi we protestçileri prowokatiw hereketlerden hüşgär bolmaga we olara derhal reaksiýa bildirmezligi ündedi.

Ukrain protestçileriniň Germaniýada goldanýandygyny Kiýewde protestleriň geçýän ýerlerine Westerwelle bilen aýlanyp çykan boksýor we ”UDAR” atly oppozision partiýanyň ýolbaşçysy Witaliý Kliçko hem protestçileriň öňünde eden çykyşynda belledi.

“Batkiwşina” atly partiýanyň lideri Arseniý Ýatsenýuk Ukrainadaky ýagdaýlara tutuş dünýäniň üns bilen syn edýändigini belläp, ukrainleriň öz hak-hukuklaryny parahatçylykly goramalydygyny aýtdy.

Ykdysady mesele

Agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän ukrain hökümetiniň wekilleriniň bir topary çarşenbe güni Moskwa sapar etdi.

Prezident Wiktor Ýanukowiç bolsa, ykdysady meseleleri maslahat etmek üçin, häzirki wagtda Hytaýa sapar edýär.

Ukrainanyň hökümeti ýurtda sarp edilýän tebigy gazyň bahasyny tölemek we ozaldan toplanan bergileri boýunça algydarlary bilen hasaplaşmak üçin häzirki wagtda milliardlarça dollara mätäç.
XS
SM
MD
LG