Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Notbuk kompýuterinde işläp oturan adamyň kölegesi.
Notbuk kompýuterinde işläp oturan adamyň kölegesi.
7-nji dekabrda Moskwada “Miss Asia Moscow 2013” atly bäsleşik geçiriler. Şol bäsleşige türkmenistanly gözel Medine Şirmämmedowa hem gatnaşýar. Bu barada gürrüňi gidýän bäsleşigiň “Vkontakte” sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.

“Miss Asia Moscow 2013” atly bäsleşigiň “Vkontaktedäki” sahypasynda berilýän maglumatlara görä, gürrüňi edilýän ýaryşa Altaý, Burýatiýa, Galmygystan, Tywa, Hakasiýa, Ýakudystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Wýetnam, Günorta Koreýa we Mongoliýa ýaly ýurtlardan gözeller gatnaşýarlar.

Medine Şirmämmedowa “Vkontakte” sosial ulgamyndaky sahypasynda galdyran ýazgysynda ähli türkmenistanlylaryň goldawyna garaşýandygyny aýdypdyr. Öz gezeginde türkmenler hem Medinäni goldaýandygyny beýan edip sosial ulgamda öz teswirlerini galdyrypdyrlar.

Şeýle ýaryşa gatnaşyp eýýäm öňdäki orunlaryňy birini eýelän türkmenistanlylardan ýene biri Abadan Ataýewadyr. “Vkontakte” sosial ulgamynda Igor Weliýewiň resmi sahypasy tarapyndan çap edilen surat köp agzalaryň ünsüni özüne çekipdir. Weliýewiň sosial ulgamdaky sahypasynda berilýän maglumata görä, 24-nji noýabrda Moskwada “Miss Wostok 2”, ýagny “Gündogar gözeli 2” atly gözellik bäsleşigi geçirilipdir.

Weliýewiň sahypasynda ýerleşdirilen suratda we maglumatda türkmenistanly gözel Abadan Ataýewanyň gürrüňi edilýän bäsleşikde ikinji ýeri alandygy aýdylýar. Mirlan Şirhanow we Murad Rustamowiç ýaly agzalar bäsleşigiň netijelerini gutlap, öz teswirlerini galdyrypdyrlar.

“Ertir.com”

“Ertir.com-da” Teswir atly agzanyň gozgan “Telekanallaryň reýtingleri (Hemmelere haýyş!)” atly temasy sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Bu tema 1-nji dekabr bilen 3-nji dekabr aralygynda jemi 1788 sapar okalyp, oňa 75 sany hem teswir gelip gowşupdyr. Ol agzalar tarapyndan 51 gezek hem halanypdyr.

Temanyň mazmuny şeýle: “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan watanymyzyň milli telekanallarynyň reýtingini hasaplamak üçin ses bermegiňizi haýyş edýärin. Esasan, haýsy telekanallary görýändigiňizi ses berişlikde görkezseňiz, minnetdar bolardym. Bu mowzuk diňe bir reýtingleri öwrenmek maksatlydyr. Haýyş hiç hili kritika we teswir gerek däl. Daşary ýurt kanallary barada asla teswir gerek däl. Hiç hili deňeşdirme we beýleki zatlary ýazmazlygyňyzy haýyş edýärin. Esasan, görýän telegepleşigiňizi ýazsaňyz, has hem täsirli bolar!” diýen sözler bilen dowam edýär.

Bu tema sosial ulgamyň agzalary tarapyndan ençeme teswir gelip gowşupdyr. Ilkinji teswir Sheffmurat atly agza tarapyndan ýazylyp, onda şeýle diýilýär: “Türkmen sporty bilen Aşgabat kanallaryny hem internetde onlaýn görnüşde görüp bolsady...”

Terazini atly beýleki bir agza bolsa: “Görüp bolaýjagy TW-4. Türkmen Owazam ýene ýagşy. Beýlekiler halys şama-şaýyrdy. Diňe "Watan" bolanda göräýmeseň, diýip-aýdar ýaly däl. Haltura durşy bilen” diýip, öz garaýyşlaryny beýan edipdir.

Kömelek çöpleýänçi agza “Aý türkmen kanallary erbet däl-ä. Soñky döwür hasam gowulaşdy” diýip, öz pikirini galdyrypdyr. Gyrpa atly agza bolsa “Men aýdaýynmy naturany, maňa minus goýanyň dykgatyna. Türkmen kanallaryny öň-ä bir göremokdym welin, inda hijem göremok, kä wagt gözüm düşse-de yüregim bulanýar. Bir söz bilen aýdanda, tormaz bary” diýip, öz pikirini ýazypdyr.

Bu temanyň soňunda “Haýsy telekanallara seredýärsiňiz?” diýlen soraga gelip gowşan sesleriň netijeleri şeýle: iň köp ses alan – Türkmen Owazy telekanaly, iň az ses alanam – Aşgabat telekanaly.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda bolsa agzalaryň arasynda gyzyklanma döreden tweetlerden biri– Hanym Atly agzanyň “Nahar bişirip bilemog-a, bişirip görmedim :)" diýip öwünýän gyzlaram bar-aý. Men bazara, şolara ýüp almaga gitjek” diýen tweetidir.

Bu tweet 3-nji dekabrda çap edilip, oňa jemi alty teswir gelip gowşupdyr. Türkmengyz atly agzanyň “Sen näme şolara ýüp alýançymy?” diýip, beren soragyna Hanym atly agza “Almalydygyny özleri bilenok-da” diýip jogap beripdir. Bu gürrüňe Uzujak, Möwlam Amanow ýaly agzalar hem goşulypdyrlar. Gürrüňe goşulan MöwlamH atly beýleki bir agza bolsa “Oglanlardan-a geňem görmeli däl onda” diýen ýazgy goýupdyr.
XS
SM
MD
LG